Habarlar

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna birnäçe çäreler meýilleşdirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/220/original-15faedcf3c8c1b.jpeg

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň hormatyna paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň welaýatlarynda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aň-bilim we sport çäreleri, media-maslahatlar guralar.

Ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin onlaýn tertibinde birnäçe halkara derejesindäki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda medeni-durmuş maksatly binalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçesiniň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

12-nji dekabrda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçiriler.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler meýilleşdirildi.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.