OPEC+ dünýä wada edilenden artyk nebit bermedi
OPEC+ ýurtlarynyň ministrleri penşenbe güni öň bellenilen meýilnama eýermek hem-de meýilleşdirilenden artyk nebit önümçiligini ýokarlandyrmazlyk babatda biragyzdan çözgüt kabul etdiler. Sarp edijileriň goşmaça nebit möçberleri baradaky ýüz tutmalary jogapsyz galdy. OPEC+ muny geljekde islegiň peselmegi baradaky çaklama bilen düşündirýär diýip, Interfaks habar berýär.
Nebitiň bahasy ýylyň başyndan bäri 1,6 esse — barreli üçin 50 dollardan 80 dollara çenli artdy. Bu bolsa pandemiýadan soň ykdysady ösüşi dikeltmekde sarp edijileriň arasynda biynjalyklyk döredýär. Nebiti iri sarp edijiler — Hytaý, Hindistan, ABŞ bazary deňagramlaşdyrmak üçin nebit önümçiligini kadalaşdyrýan OPEC+ ýurtlaryna önümçiligi artdyrmak barada haýyş bilen ýüz tutdular.
OPEC+ iýul aýyndan başlap, nebit önümçiligini her aýdan günde 400 müň barrele çenli yzygiderli ýokarlandyrýar. Bu COVID-19 pandemiýasynyň ösen döwründe öz üstüne alnan günde 9,7 mln barrel çäklendirmede saklanmak üçin edilýär. Şeýle hem ylalaşyga agza ýurtlar bazar ýagdaýlaryna laýyklykda, her aýda duşuşyk geçirýärler.
Interfaksyň maglumatlaryna görä, nebit önümçiligi artdyrmak mümkinçiligi OPEC+ agzalary tarapyndan işjeň maslahatlaşyldy, emma nebite islegiň peselmek howpy, hususan-da, delta ştammynyň ýaýramagy bu hili hereketlere garşy şertler bolup çykyş etdi.
Emma bazara doňýürek görünmezlik üçin OPEC+ metbugat maslahatyny gurady. Onda Russiýanyň we Saud Arabystanynyň wekillerinden başga-da, BAE-niň, Nigeriýanyň, Kuweýtiň, Meksikannyň, Azerbaýjanyň nebit ministrleri çykyş etdi. Olaryň her biri bitewilik hem-de sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmaga ýol bermedik şertler barada aýtdylar.
Nigeriýanyň nebit ministri Timipre Silwanyň beýan etmegine görä, bazarda teklibiň ýetmezçiligi ýok we OPEC+ ýurtlaryna öz meýilnamalaryny üýtgetmek zerurlygy ýok. Onuň aýtmagyna görä, meýilnamany saklap galmak bu «iň gowy çözgüt» we bazara syn etmegi dowam etmeli.
Kuweýtiň ministri Mohammed Al-Faresiň aýtmagyna görä, çaklamalara görä, 2022-nji ýylda nebit bazary nebit artykmaçlygynda bolar.
Öz gezeginde, BAE-niň nebit ministri Mohammed Al-Mazrui nebit bazarynda artykmaçylygynyň eýýäm 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýüze çykyp biljekdigini belledi. «Şonuň üçin hem dekabrda önümçiligi dikeldiş depginlerini saklap galmak çözgüdi dogrudyr» - diýip ol aýtdy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.