Halkara ylmy maslahat Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara hyzmatdaşlygyna bagyşlanar
Şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli onlaýn görnüşindäki “Bitarap Türkmenistan-ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Ylmy maslahaty Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň dowamynda ýetilen sepgitlere hem-de geljekki ugurlaryna özboluşly seljerme bolar.
Halkara maslahaty dünýäniň halklary bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegini, türkmen medeniýetiniň hem-de sungatynyň dünýäde wagyz edilmegini, parahatçylygyň we medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň, medeni we ruhy mirasynyň gymmatlyklarynyň düýpli öwrenilmeginiň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň, kerwensaraýlaryň, ýadygärlikleriň ähmiýetini dünýäde wagyz etmek işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy wezipeleriniň biridir.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.