Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasy ulanmaga berildi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň Bitaraplygynyň golaýlaşyp gelýän şanly 25 ýyllygyna gabatlanyp açylýan binalar tapgyrynyň üstüni ýetirdi.
Döwrebap lukmançylyk edarasynyň gurluşygyna mundan laýyk iki ýyl ozal — 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Ol «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.
Ýokanç keseller hassahanasynyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç keselleri bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Halkara ülňülere laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy — ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler.Bu ýerde wirus gepatiti, ýokary dem alyş agzalarynyň ýokanç keselleri, ýokanç içgeçme keselleri, howa-damja ýoly bilen geçýän aýratyn howply ýokanç keseller bölümleri hereket edýär.
Stasionar binanyň ikinji we üçünji gatlarynda ýerleşýär. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler göz öňünde tutulyp, olaryň her biri aýratyn arassaçylyk otaglary bilen üpjün edildi.
Kabul ediş bölümi 5 sany ýöriteleşdirilen otaglardan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.
Ýokanç keseller hassahanasynyň düzümine stasionar bölümlerden başga-da, barlaghanalar, funksional-anyklaýyş bölümi, hirurgiýa bölümi, reanimasiýa we akuşerçilik bölümi, şeýle hem fizioterapiýa we dispanser bölümleri girýär. Bölümleriň hemmesi täze lukmançylyk we tehniki enjamlar bilen, şeýle hem Germaniýada, Şwesiýada, Italiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, ABŞ-da, Günorta Koreýada, Niderlandlarda, Çehiýada, Beýik Britaniýada we Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen lukmançylyk maksatly enjamlar bilen üpjün edilendir.
Şeýle lukmançylyk edarasynyň peýda bolmagy milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky hakyky atalyk aladasynyň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, bu keselleri anyklamaga hem-de öz wagtynda işjeň bejermäge berilýän ägirt uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr.
Ussat news
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.
Balkanabatda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Balkan welaýatynyň merkezi bolan Balkanabat şäherinde «AssA» tans studiýasynyň Çagalary goramagyň halkara güni we tomusky dynç alyş möwsümi mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Bu ýatda galyjy çäre şäheriň ýaşaýjylary we ýaş tomaşaçylar üçin ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.