Habarlar

Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy

https://ussatnews.com/storage/posts/2247/original-1618d5f2d8ea8f.jpeg

10-nji noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şol dabaralara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, Balkan welaýat, şäher we etrap häkimlikleriniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenbaşy şäherinde gurlan ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna ýygnananlaryň öňünde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, şu günki möhüm wakanyň milli Liderimiziň halkymyzyň saglygy baradaky ägirt uly aladasynyň aýdyň subutnamasydygyny, milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydygyny belledi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň täze desgasynyň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň direktory, doktor Hans Klýuge goşuldy, ol ýygnananlary şu günki şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady. H.Klýuge lukmançylyk merkezleriniň jemgyýetiň möhüm bölegi bolup durýandygyny hem-de abadançylygy, howpsuzlygy, Türkmenistanyň lukmançylyk düzümleriniň ygtybarlylygyny we işjeňligini alamatlandyrýandygyny nygtap, bu hassahananyň ýokanç kesellere garşy göreşde aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenbaşy şäherinde ulanylmaga berlen täze ýokanç keseller hassahanasy epidemiologik gözegçiligi üpjün etmek, dürli howply ýokanç keselleriň öňüni almak we netijeli bejermek boýunça Türkmenistanda geçirilýän işleriň nobatdaky mysalydyr.

Täze hassahana halkara ölçeglere laýyklykda guruldy hem-de üpjün edildi. Onuň düzümine kabul ediş, barlaghana, funksional-anyklaýyş, reanimasiýa we dogrum, operasiýa otagy, fizioterapiýa, dispanser-gözegçilik, wirusly gepatit keseli, ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri, içege ýokanç keselleri, aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller, dowamly ýokanç keselleri bejeriş bölümleri girýär.

Hassahana dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, hususan-da, Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Hytaýyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlaryny has-da gowulandyrmak diňe saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek arkaly öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we usullaryň esasynda mümkin bolup biler.

Funksional-anyklaýyş bölümi kompýuter tomografiýasy, ultrases barlagy, rentgen, elektrokardiografiýa, fibroskan, endoskopiýa otaglaryny öz içine alýar.

Ýokanç keseller hassahanasynyň işgärleriniň ygtyýarynda dürli barlaglary geçirmek üçin döwrebap barlaghana enjamlary hem bar. Giň otagly barlaghana bölümi kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika we immunologiýa barlaglary otaglaryndan ybarat bolup, olarda ganyň we peşewiň umumy barlaglary, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar-genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa (PZR) barlaglary geçirilýär.

Şeýle hem birnäçe ekspres-anyklaýyş barlaglary, ýagny ganyň süýjüligi, gemoglobiniň gandaky derejesi, holesterin, moçewina, bilirubin we onuň fraksiýalary, pH derejesi, udel agramy, peşewde belok, bakteriuriýa, glýukoza, wirusly gepatitiň we beýleki wiruslaryň, keton barlaglary hem-de olaryň hil we mukdar taýdan barlaglary geçirilýär.

Fizioterapiýa bölüminde hassalar üçin möhüm bejeriş işleri geçirilip, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary oturdyldy. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, bu ýerde ýokary hilli hirurgiýa kömegini bermek we operasiýalary geçirmek üçin şertler göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen hassahananyň işgärleri ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirip bilerler. Dabaranyň dowamynda hassahana täze gulluk awtoulaglary berildi.

10-nji noýabrda Magtymguly etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen lukmançylyk desgasy saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi. Bu desga 50 näsagy stasionar usulda hem-de 30 näsagy ambulatoriýa usulynda bejermäge niýetlenen täze hassahanadyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow hassahananyň açylyş dabarasynda çykyş edip, türkmenistanlylaryň saglygyny goramagyň, şäherlerde hem, oba ýerlerinde hem ilatyň ýokary hilli, halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny belledi.

Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş derejesiniň adamlaryň durmuşynyň hiliniň, durmuş ugurly strategiýanyň esasy görkezijileriniň biridigi nygtaldy. Ýurdumyzyň baş baýlygy — ynsan saglygy baradaky hemmetaraplaýyn alada “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasyny düzýär, onuň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulgamy düýpli kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze lukmançylyk edaralary yzygiderli bina edilýär we ulanylmaga berilýär, ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi, lukmançylyk ylmy okgunly ösdürilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar giňeldilýär. Bu gün iň häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar türkmen lukmanlarynyň ygtyýaryndadyr. Keselleri anyklamagyň we bejermegiň innowasion usulyýetlerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda, öňüni alyş çärelerine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine uly ähmiýet berilýär.

Iki gatly binalar toplumyndan ybarat bolan bu hassahana Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Türkiýäniň, Polşanyň, Şwesiýanyň, Ispaniýanyň, Slowakiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandlaryň, ABŞ-nyň we Koreýa Respublikasynyň dünýä belli kompaniýalarynyň iň täze ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri üçin ähli şertler döredildi.

Hassahanada kabul ediş, maslahat beriş, funksional-anyklaýyş, iç keselleri, çaga keselleri, tiz kömek we beýleki bölümler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem onuň düzümine barlaghana we gan banky girýär.

Maslahat beriş bölüminde terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, stomatolog we beýleki lukmanlaryň otaglary göz öňünde tutuldy. Keselleri dürs anyklamaga, zerur bejergini kesgitlemäge talap edilýän lukmançylyk kömegini tiz bermäge mümkinçilik berýän iň täze enjamlar olaryň ygtyýaryndadyr.

Funksional-anyklaýyş bölüminde ýokary derejeli hünärmenler näsaglary kabul edýär. Bu ýerde ultrases barlag otagynda «Phillips» kompaniýasynyň «Affiniti» ultrasesli anyklaýyş enjamy gurnaldy. Hakykatda, munuň özi keselleri barlamagyň köpugurlylygy bilen tapawutlanýan innowasion häsiýetli binýatdyr. Kardiolog lukmanyň otagynda 12 kanally «Cardio M Plus» (Medical Econet) we Germaniýanyň «Siemens» kompaniýasynyň elektrokardiografy bilen üpjün edildi. Bu enjam ýüregiň ähli bölümleriniň işleýşiniň aýratynlygyny görkezmäge ukyplydyr.

Rentgen otagy, kompýuter tomografiýa we endoskopiýa otaglary iň häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Hususan-da, bu ýerde Awstriýanyň «EMS Handelsges» kompaniýasynyň «Sienna» elektroensefalograf enjamy, Italiýanyň «Villa Sistemi Medicali» kompaniýasynyň flýurograf we rentgen-enjamy, «Phillips» kompaniýasynyň «Access CT» kompýuter tomografy, Ýaponiýanyň «Hoya Corporation» kompaniýasynyň «EG-2990K» wideogastroskop enjamy we beýlekiler oturdyldy.

Hassahananyň ýatymlaýyn bölüminiň düzümine hirurgiýa, terapiýa, operasiýa, fizioterapiýa, çaga dogrumy, ginekologiýa, ýokanç keseller, anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri girýär. Şolaryň ýörite enjamlar bilen üpjünçiligi iň ýokary halkara ölçeglere kybap gelýär. Bu ýerde näsaglaryň keselleriň görnüşine baglylykda, netijeli hem-de ýokary hilli bejergi almagy üçin ähli şertler döredildi. Bir we iki orunlyk bejergi otaglary talabalaýyk derejede enjamlaşdyryldy, bu ýerde ähli amatlyklar göz öňünde tutuldy.

Operasiýa bölümi Germaniýanyň «Olympus» kompaniýasynyň «Various» monitorly laparoskop enjamy bilen enjamlaşdyryldy, ol garyn boşlugynyň agzalarynda az şikesli operasiýalary geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Fizioterapiýa bölüminde oturdylan owkalama sekileri, el-aýaklaryň iri we ownuk bogunlarynyň çeýeligini dikeltmek üçin enjam, wakuum, elektrik, magnit — mikroyrgyldyly we lazer terapiýasy üçin enjamlar operasiýalardan, şikes ýetmelerinden soňra näsaglaryň sagalmagyna, zähmet ukyplylygyny çalt dikeltmäge, maýyplygyň öňüni almaga niýetlenendir.

Hassahananyň bäbekhana bölüminde ähli zerur şertler döredildi. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň hem-de tutuşlygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş ugurly syýasatynyň möhüm bölegidir. Täze doglan çagalar üçin niýetlenen bejergi otaglarynda bu hassahanada dünýä inen bäbeklere göwnejaý ideg etmek üçin ähli zerur enjamlar göz öňünde tutuldy. Bäbekler we olaryň eneleri lukmanlaryň hem-de ähli lukmançylyk işgärleriniň hemmetaraplaýyn aladasy bilen gurşalyp alnar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda ulanylmaga berlen täze hassahana bilen tanyşlygyň barşynda dabara gatnaşyjylar bularyň ählisiniň şaýady bolmaga mümkinçilik aldylar.

10-nji noýabrda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda “KamAZ” kysymly ulaglary abatlamak, olara hyzmat etmek üçin okuw we hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkeziň gurluşygyna hormatly Prezidentimiziň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda «KamAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezini gurmak hakynda beren tabşyrygyna laýyklykda badalga berildi. «KamAZ FTC CORP. LLP» kompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi tarapyndan bina edilen desga bir günde 10 ulaga hyzmat edip bilýär.

Täze desganyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, milli Liderimiziň aladalary netijesinde pudagyň binýadynyň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly häzirki zaman ulag tehnikalary bilen yzygiderli artdyrylýandygyny belledi. Şolaryň hataryna Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kamsk awtomobil zawody tarapyndan öndürilýän “KamAZ” kysymly ýük awtoulaglary girýär. Şol tehnikalar paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň iri gurluşyklarynda ulanylýar.

Nobatdaky tehniki hyzmat ediş merkeziniň gurulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir hem-de Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň nobatdaky tapgyrydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda Karara gol çekip, ýurdumyzyň ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we kärhanalaryna «KamAZ FTC Corp.» kompaniýasy bilen «KamAZ» kysymly awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň uly tapgyryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary tapgyrlaýyn satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berdi.

Hyzmatdaşlyk döwründe ýurdumyza bu kysymdaky dürli ýük tehnikalarynyň müňlerçesi getirildi. Kompaniýanyň inžener-işläp düzüjileri awtoulaglaryň görnüşini yzygiderli kämilleşdirip, häsiýetnamalaryny gowulandyrýarlar. Häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän hem-de ýurdumyzyň howa şertlerinde özüni oňat tarapdan görkezen bu ýük awtoulaglary ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giňden ulanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly syýasaty netijesinde durmuş-ykdysady maksatly dürli desgalar guruldy we gurulmagy dowam edýär. Halkara ýollaryň hili yzygiderli gowulandyrylýar, täze uly ýollar, köprüler gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybyny gowulandyrmaga, ulag toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder, üstaşyr ýükleriň möçberiniň köpelmegi bolsa ýurdumyzyň içerki we halkara logistika mümkinçiligini has-da artdyrar.

Täze okuw-hyzmat ediş merkezi esasy dolandyryş binasyny özünde jemläp, şonda ammar binasy we abatlaýyş bölümi ýerleşýär. Toplumda awtoulaglary ýuwmaga niýetlenen bölüm, bassyrmaly awtoduralga hem-de suw saklanylýan uly göwrümli howuzlar ýerleşdirildi. Merkeziň çäginiň köp ýeri ätiýaçlyk şaýlary saklamaga niýetlenen uly ammar üçin niýetlenýär. Şol ätiýaçlyk şaýlarynyň yzygiderli getirilmegi ulagyň zerur serişdelerini gysga möhletde çalyşmaga mümkinçilik berer.

Başga habarlar
169c762cd54c7f.jpeg
Nusaý galasynda gezelenç talyp ýaşlarda milli buýsanjy artyrdy

Talyp ýaşlary Watançylyk ruhunda terbiýelemek maksatly yzygiderli guralýan medeni çäreleriň çäklerinde bu gün Halkara senagatcylar we telekeçiler uni wersitetiniň professor-mugallymlarynyă we talyp ýaşlarynyă gatnaşmagynda Nusayyň Parfiýa galalary döwlet medeni-taryhy ýadygärligine gezelenç guraldy.


169c554155d778.jpeg
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi.


169c2d665f3a81.jpeg
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

169c161b92c194.jpeg
Uzynadadaky täze önümli guýy

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


169c15959053ff.jpeg
Okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde kärdeşler arkalaşyklarynyň işini kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk guramak, işleriň dogry alnyp barylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly amaly-usuly okuw maslahaty geçirildi.