Türkmenistan GDA-nyň giňişliginde we onuň çäginden daşarda ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny goldaýar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen anna güni geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow eden çykyşynda Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtaladyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenilip düzülen we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisinde kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky jarnamasynyň çemeleşmelerine we ýörelgelerine esaslanýan Arkalaşygyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň Baştutanynyň söwda, senagat, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň özara hereketleriň alnyp barylmagy babatynda çykyş edýändigi bellenilip geçildi.
R.Meredow şeýle taslamalaryň diňe bir GDA-nyň giňişligi bilen çäklenmeli däldigini, «ýanaşyk ýerleşen zolaklara hem gönükdirilen bolup, şol bir wagtyň özünde ýewraziýa ykdysady we maýa goýum giňişliginde uzakmöhletleýin geljek üçin durnukly orny üpjün etmelidigini» nygtady.
Ulag meseleleriniň çözülmegine aýratyn ähmiýet berildi, R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitinde ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegi boýunça ençeme derwaýys başlangyçlary öňe sürendigi ýatlatdy.
Türkmenistan multimodal ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi ugrunda degişli işleri durmuşa geçirýändir, ol bolsa sebit hem-de halkara derejesinde, hususan-da pandemiýadan soňky döwürde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň dikeldilmegine oňyn täsirini ýetirmäge gönükdirilendir.
Mejlisiň barşynda türkmen tarapynyň agrosenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilmegi, saglygy goraýyş we farmasewtika hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.