On aýyň jemine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirilip, onda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada, birleşiklerde we müdirliklerde hem-de edara-kärhanalarda alnyp barlan işlere baha berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hasabat ýygnagyny açmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5-nji noýabrda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, pudakda öndürilýän önümleriň we tebigy gazyň eksportyny artdyrmak, zawodlaryň kuwwatlyklaryny doly ulanmak, nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek babatda jogapkärli wezipeleri goýandygyny belledi.
Soňra hasabat ýygnagynda Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda geçirilen işleriň netijeleri, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary hakynda durlup geçildi. Hususan-da, nebiti, gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, şeýle hem «mawy ýangyjy» eksport etmekde, çig maly gaýtadan işlemekde, benzini, dizel ýangyjyny, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini öndürmekde gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek barada durlup geçildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow nebitgaz senagaty toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde eýeleýän aýratyn ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagy mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtady.
Ussat news
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Ýaş tebigatçylar üçin ylmy-amaly gezelenç guraldy
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ekologik çäre geçirildi.