Injir ajaýyp derman hasaplanýar
Injir iň gadymy ösdürilip ýetişdirilýän ösümlik hasaplanýar. Ösümlik hökmünde ýabany injir agajy diňe bir ýaprakly tokaýda däl, eýsem açyk eňňitlerde, şeýle hem Gürjüstanyň, Krymyň, Ermenistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Demirgazyk Kawkazyň we Täjigistanyň dag eňňitlerinde ösýär.
Injir ateroskleroz, böwrek we aşgazan keselleri üçin peýdalydyr. Halk lukmançylygynda injir agajynyň miwesi sowuklamalary, bokurdak agyrylaryny, dem alyş kesellerini we diş etiniň çişmegini bejermek üçin ulanylýar. Injir gipertoniýa we wena ýetmezçiligine garşy göreşmäge kömek edýär, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinden ejir çekýänlere ajaýyp kömek edýär.
Injiriň siňdiriji täsiriniň bardygyny bellemelidiris. Artykmaç agram, asma, üsgülewük üçin ajaýyp derman hasaplanýar. Onuň düzüminde kaliý, magniý we kalsiý ýaly elementleriň bar.
Ogulgerek ALLAŞOWA,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.