Ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirildi

10:11 25.11.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/2351/original-1619f1afdb9c0f.jpeg

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garamak, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirmek kararyna gelendigini aýtdy. Biziň alyp barýan energetika syýasatymyz netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz, şol sanda gaz pudagy hem yzygiderli ösýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan ýurdumyzda täze-täze gaz ýataklary açylyp ulanmaga berilýär. Tebigy gazy gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlup, halkara taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzir pudagyň işini has netijeli guramak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini we iberilýän ugurlaryny artdyrmak, ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin öňde wajyp wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Bu ugurda “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” esasynda degişli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, bellenen çäreleri durmuşa geçirmekde ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýlan işleriň üstünlikli berjaý edilmelidigi nygtaldy.

Şolaryň çäklerinde Türkmenistanda gurlan nebitgazhimiýa kärhanalarynda maksatnamalaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Alnyp barylýan işleriň durnukly ösüşini saklamak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada durup geçip, beýleki pudaklar bilen birlikde ýangyç-energetika hem-de ykdysady-maliýe toplumlarynda bu ugurdaky meseleleriň çözülmegine ilkinji nobatdaky wezipeler hökmünde garalýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu babatda ýerine ýetirilýän işler bilen gyzyklandy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz pudagyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny hem-de sanly ulgamy we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň gazylyp alnyşyny hem-de daşyna iberilýän mukdaryny artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

“Mawy ýangyjyň” çykarylýan möçberini artdyrmak, guýularyň önüm berşini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly täze guýulary özleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Wise-premýer innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, gaz önümçiligini öňe ilerletmek we halkara bazarlarda netijeli ýerlemek maksady bilen görülýän çäreler barada-da hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geologiýa-gözleg işlerini geçirmegiň depginini artdyrmak, nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy baýlyklaryň ätiýaçlyklaryny netijeli ulanmak üçin degişli çäreleriň görülmelidigini nygtady. Nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow maliýe-ykdysadyýet toplumynda işleriň ýagdaýy, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Häzir ýurdumyzda döwrebap tehnikalary we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, döwletimiziň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda uzak möhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen özgertmeleriň geçirilýändigi nygtaldy.

Milli ykdysadyýet baý tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we daşary ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygynyň, serişde mümkinçiliginiň hem-de ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna köp mukdarda gönükdirilýän maýa goýumlar bilen höweslendirilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz toplumyna degişli edaralaryň ykdysady durnuklylygyny gazanmak işini güýçlendirmek maksady bilen, anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň gaz pudagynyň işini gowulandyrmak üçin tutanýerlilik bilen, örän köp işlemelidigini aýtdy. Pudagyň önümçilik kuwwaty netijeli peýdalanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda önümçilige sanly ulgamy ornaşdyryp, gaz senagatynyň kärhanalarynda zähmeti guramagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmalydygyny, munuň üçin pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny has köp çekmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dünýä bazarynda tebigy gazyň sarp edilişini hem-de bahasyny düýpli seljermek barada wise-premýer Ş.Abdrahmanowa anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara ibermegiň geografiýasyny giňeltmek bilen baglylykda, goňşy we sebit döwletleriniň gyzyklanmasyna görä, tebigy gazy gysga, orta we uzak möhletleýin şertnamalar esasynda ýerlemek üçin zerur işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, gorlary boýunça dünýäde iri «Galkynyş» gaz känini düýpli özleşdirmegiň depginini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen tebigy gazyny satyn almak we satmak barada baglaşylan şertnamalar boýunça borçnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin geljek ýyllarda ýurdumyzyň beýleki gaz känlerinde gazyň goşmaça möçberlerini çykarmak hem üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy satyn almak we satmak baradaky şertnamalar baglaşylanda, halkara tejribäni düýpli öwrenmegi tabşyrdy hem-de türkmen gazyny daşary ýurtlara eksport etmek boýunça wezipelere degişli görkezmeleri berdi.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, desgalaryň ulanylyşyny yzygiderli seljermegi hemişe gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Milli Liderimiz gaz we nebit çykaryjy kärhanalaryň, geologiýa-gözleg edaralarynyň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, önümçilik desgalarynda zerur abatlaýyş we durkuny täzelemek işlerini geçirmek barada anyk teklipleri taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hem-de Merkezi banka nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny düýpli öwrenmegi seljerip durmagy gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyklykda hem-de nebitgaz toplumynda pudaklaýyn maksatnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmek bilen baglylykda, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar esasynda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak meselesini hemişe üns merkezinde saklamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz iş maslahatyny jemläp, ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň örän möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, olaryň ählisiniň özeninde ýurdumyzyň ykdysady bähbidiniň hemme zatdan ileri tutulmalydygy baradaky wezipeleriň durýandygyny aýratyn nygtady hem-de degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berip, öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Başga habarlar
166238d653442f.jpeg
DÝHG agza döwletleriň ulag forumyna gatnaşyjylar Aşgabat jarnamasyna gol çekdiler

15-19-njy aprelde Aşgabatda geçen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar Aşgabat Jarnamasyny kabul etdiler.


166238bd5dbd38.jpeg
Metan zyňyndylaryny azaltmak, Derweze kraterini söndürmek meseleleri Parižde maýa goýum forumynyň çäklerinde maslahatlaşylar

Uglewodorod känlerini işläp taýýarlamakda metan zyňyndylaryny we ugurdaş gazy azaltmagyň netijeli çözgütler Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça 24-25-nji aprelde Parižde geçiriljek Forumda (TEIF 2024) ara alnyp maslahatlaşylar.


1662373c0311a7.jpeg
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaky ylmy-usuly maslahat geçirdi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde “Jemgyýetiň ösüşinde saz sungatynyň orny” atly aspirantlaryň, doktorantlaryň we dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahatyny geçirdi.

1662332d93be2b.jpeg
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we şol çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16622567eb9d73.jpeg
Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris

Halkara informatika olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris.