Habarlar

Aşgabatda tapawutlanan ýaşlaryň 47-si «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglandy

https://ussatnews.com/storage/posts/239/original-15fb3b9abb8451.jpeg

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden tapawutlanan ýaşlaryň 47-sini Türkmenistanyň Magtymguly adyn¬daky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Türkmenista¬nyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglady. Olar edebiýatda, sun¬gatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işle¬rinde ýokary döredijilik başarnygyny hem¬de işjeň¬ligini görkezen ýaşlardyr.

Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.

Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň mümkinçiliklerini açyp görkezmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasaty üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar Diýarymyzyň ýaşlarynyň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň şöhratly ýeňişleriniň we eýeleýän belent sepgitleriniň artmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

Bu ýerde şu dabaranyň hormatyna ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerine we ýeten derejesine bagyşlanan ýörite sergi guraldy. Döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.