TOPH: energetika howpsuzlygy, arassa ekologiýa
Soňky onlarça ýyllaryň dowamynda howanyň üýtgemegi adamzat üçin düýpli meseleleriň birine öwrüldi. Bu meseläniň toplumlaýyn häsiýetini nazara almak bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär.
Bu möhüm ugurda halkara gatnaşyklarynyň işjeň tarapdary bolmak bilen biziň ýurdumyz gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde giňeltmek ugrunda çykyş çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pes uglerodly energetikany ösdürmek, şeýle hem BMG-niň howandarlygynda energetikada esasy ugurlaryň biri hökmünde wodorody ösdürmek boýunça halkara “Ýol kartasyny” döretmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyny ugur edinýän BMG-niň Strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary şonuň ýene bir subutnamasyna öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şunda Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna üýtgewsiz we ählumumy ygrarlylyk esasy şert bolmalydyr. Hut şol resminama şu asyrda ählumumy ekologiýa we tebigaty goramak baradaky gün tertibini kesgitleýär.
Türkmenistan BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy konwensiýalaryna goşulmak bilen, öndürilýän önümleriň uglerod çykymyny yzygiderli azaldýar. Şeýlelikde, 2025-nji ýyla çenli kömürturşy gazyň howa zyňylýan mukdaryny 122 göterime çenli hem-de 2030-njy ýyla çenli 118,1 göterime çenli azaltmak meýilleşdirilýär.
Hususan-da, nebitgaz senagatynda energiýany ulanmagyň netijeliligini artdyrmak meseleleri pudagy ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, çig malyň düýpli işlenilmegini üpjün edýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, halkara kadalaryna we ölçeglerine kybap gelýän, ekologiýa häsiýetnamalary gowulandyrylan ýokary hilli nebit önümlerini we gazhimiýa önümlerini çykarmagyň, kärhanalary döwrebap tehnikalar hem-de enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna çözülýär.
Şunda Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawod aýdyň mysal bolup, olaryň innowasion täzeçilligi we ekologiýa taýdan howpsuzlygy abraýly halkara guramalarynyň güwänamalary bilen tassyklanyldy.
“Ýaşyl ykdysadyýete” geçmegiň örän çylşyrymly wezipe bolup durýandygyny bellemek gerek, munuň şeýledigini halkara bilermenleri ykrar edýär. Dünýäniň demografik we ykdysady ýagdaýlaryndan ugur almak bilen, geljekde ilatyň artmagynyň hem-de ykdysady ösüşiň energiýa bolan islegiň has-da artmagyna, ähtimal, häzirki derejesinden iki-üç esse ýokarlanmagyna eltjekdigine garaşmak bolar. Şonda energiýany sarp etmegiň has ýokary ösüş depginlerine Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde garaşylýar.
Bu umumdünýä ýagdaýlar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň taslamasyna gatnaşýan döwletlerde hem äşgär duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşynyň emele gelmegi, BMG-niň kabul eden Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin şertleriň döredilmegi bilen baglylykda bu taslamanyň uly halkara ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, howa zyňylýan zyýanly gazlary azaltmakda hem-de howanyň üýtgemegine täsir etmekde tebigy gaza möhüm orun berilýär, ol gazylyp alynýan ýangyjyň arassa we amatly görnüşi bolup durýar. Bu ozaly bilen turba geçirijiler arkaly sarp edijilere iberilýän tebigy gaza degişlidir.
– Pakistandaky we Hindistandaky kabul ediji nokatlara TOPH gazgeçirijisi arkaly tebigy gazy hem-de LNG tehnologiýalary arkaly suwuklandyrylan gazy akdyryp görmek bilen olaryň howa zyňylýan kömürturşy gazynyň mukdarynyň deňeşdirme seljermeleri geçirildi – diýip, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň baş direktory we Direktorlar geňeşiniň başlygy Muhammetmyrat Amanow gürrüň berýär. – Seljermäniň netijeleri TOPH turbageçirijisi arkaly akdyrylanda tebigy gazyň LNG tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen akdyrylan suwuklandyrylan gaza garanyňda bölünip çykýan kömürturşy gazyň mukdarynyň az bolýandygyny görkezdi.
Bu görkezijiler taslamanyň birini tapgyry üçin bolşy ýaly, ikinji tapgyry üçin hem degerlidir. Ilkibaşda ýangyç geçiriji turba gazyň erkin akymyny – bir ýylda 5-den 6 milliard kubmetre çenli mukdaryny akdyrmak meýilleşdirilýär. Gaz gysyjy beketleriň ikisi gurlandan soň TOPH-nyň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kubmetre çenli ýetiriler.
Şeýlelikde, TOPH gazgeçirijisi sebitiň döwletleriniň ykdysady taýdan ösmegine itergi bermäge, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga tarap hereketiň oňyn şertine öwrüler. Täze energetika ulgamyň taslamasyny düzmekde we gurmakda degişli halkara ölçegleri berjaý edilýär, iň gowy tehnologiýalar ulanylýar, bu bolsa, daşky gurşawy goramak babatda wezipeleri çözmäge ýardam eder.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary
Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.
Gazçylar Garaşsyzlygymyzyň toýuna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar
Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek, tebigy baýlyklarymyzy halkymyzyň we Watanymyzyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen nakgaşynyň eserleri Azerbaýjandaky halkara festiwalynda uly abraýa eýe boldy
29-njy iýul — 3-nji awgust aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Gabala şäherinde geçirilen «GabalaFest» festiwalynyň çäklerinde «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi guraldy. Dünýäniň 30-dan gowrak döwletiniň sungat ussatlaryny bir ýere jemlän bu taslama suratkeşlik, heýkeltaraşlyk we fotosurat arkaly dürli medeniýetleriň hem-de nesilleriň arasynda çeper dialogy ösdürmäge gönükdirildi.
Gökderede ýangyn-amaly sporty boýunça nobatdaky bäsleşik geçirildi
7-nji awgustda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýangyn-amaly sporty boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige bu ajaýyp künjekde dynç alýan ýetginjeklerden ybarat ýaş ýangyn söndürijileriň 14 topary gatnaşdy.