ÝB-niň ilçisi: Türkmenistan 2050-nji ýyla çenli Ýewropa tebigy gaz iberip biler
Türkmenistanda 2050-nji ýyla çenli Ýewropa bazaryna tebigy gaz ibermäge mümkinçilik bar. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso ORIENT türkmen habarlar agentligine beren interwýusynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, bu döwürde «ýaşyl ykdysadyýete» tarap ugur alan Ýewropa ýangyjyň däp bolan uglewodorod görnüşlerinden peýdalanmaga mejbur bolar.
— Bu gün ÝB-de 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gaz zyňyndylarynyň derejesini peseltmeklige ýa-da ondan asla ýüz öwürmeklige gönükdirilen täze energetiki syýasaty bar. Bu umumy maksat. Emma häzirki wagtda biz howpsuz energetika geçiş tapgyrynda durus — diýip ilçi belledi.
Onuň şeýle hem nygtaýşy ýaly, energiýanyň täze, dikeldilýän çeşmelerine: ýel, gidro energetika we ş.m.-lere ymtylyp, ýakyn geljekde ÝB energiýanyň däp bolan göterijilerinden — gazdan we nebitden ýüz öwrüp bilmez.
Şol bir wagtda ÝB Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasynyň üsti bilen Ýewropa bazaryna türkmen gazyny ibermegi has ýerlikli hem hakykata laýyk çözgüt diýip atlandyrdy. Bu taslamany 2021-nji ýylyň oktýabrynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi Alan Mastard «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» halkara forumynda hödürledi. Onuň pikirine görä, Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy gurluşygy başlanyndan soň iki ýylyň içinde Azerbaýjana 12 mlrd kub metr gaz, ol ýerden bolsa Ýewropa gaz iberip biler.
Alonsonyň belleýşi ýaly, türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen — Hazarüsti gaz geçirijisi boýunça ibermek taslamasy uly maýa goýumlaryny we giň gerimli işleri talap edýärdi. Bu bolsa häzirki ýagdaýda ýerine düşmän biler.
— Bu gün ýagdaýlar üýtgedi. Ýewropanyň we energiýa bazarynyň geljegi — bu kömür, nebit we tebigy gaz ulanmak bilen bagly СО2 zyňyndysyz önümçilik. Eýýäm şu günden uzak möhletleýin ägirt uly taslamalara uly maýa goýumlar ýerine düşen däldir — diýip Alonso belleýär.
— Hasaplar ýakyn 20-25 ýyl üçin alnyp barylýar. Şonuň üçin hem Hazarüsti birleşdirijisiniň taslamasy — öňküden az gerimli bolup biler, emma ol şol bir wagtda has hakykata laýyk we durmuşa geçirip boljak taslamadyr. Bular ýaly taslamalary gysga möhletde durmuşa geçirip bolar. Şonuň üçin hem olar has durmuşa ýakyndyr, diýip ÝB-niň ilçisi belledi.
— Meniň pikirimçe, bu geçiş döwründe Türkmenistan Ýewropa bazaryna tebigy gaz iberip biler diýip, diplomat belledi.
Ol şeýle hem ÝB-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen iberiljek tebigy gazyň has arassa bolmagy babatda hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Çünki bu ertirki günüň energiýa bazarynyň esasy talaplarynyň biri bolar.
— Ýurtlaryň tebigy gazy ýa-da nebiti öndürişi sarp edijileriň tölemäge taýýar bolan bahalaryna täsir eder — diýip ilçi aýtdy.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.