Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda iki tarapyň hoşniýetli erk-islegleri netijesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, dürli pudaklarda ýakyn işewür gatnaşyklaryň höweslendirilmegine gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Bar bolan uly mümkinçiliklerden ugur alnyp, nebitgaz toplumy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, himiýa we dokma senagaty, söwda we maýa goýumy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi, bu ulgamlarda uzakmöhletli hyzmatdaşlyk we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Şunuň bilen birlikde, taryhy kökleriň we iki halkyň medeni-ruhy gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygyň türkmen-katar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi bolup durýandygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda dünýäde dowam edýän hem-de adamzat üçin çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Şunda dünýä bileleşiginiň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşde tagallalarynyň mundan beýläk-de jebisleşdirilmeginiň zerurdygyna ynam bildirildi.
Türkmen Lideri dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Telefon söhbetdeşligi katar tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.