Habarlar

Türkmen geologlary agyz suwunyň täze gözbaşlaryny açdylar

https://ussatnews.com/storage/posts/250/original-15fb63678ead82.jpeg

Türkmenistanyň ýerasty suw gorlaryny ulanyş kartasynda täze gözbaşlaryň birnäçesi peýda boldy. «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz ekspedisiýasynyň gidrogeologlary şu ýyl geçirilen barlaglarda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabyndaky Üçkepderi meýdançasynda we Gubadag etrabynyň Dostluk meýdançasynda ýerasty süýji agyz suwunyň gorlarynyň üstüni açdylar.

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa bölüminiň hünärmenleriniň pikirine görä, täze «Çоpanýap» we «Çagatýap» suwly ýataklary golaýyndaky Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly obalaryny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.

Köpetdagyň we Balkanyň günorta eňňidiniň dag etek düzlüklerinde düýpli çökündileriniň ýerasty akymdan kemala gelýän süýji suw gorlary barada çaklama hem tassyklanyldy. Balkanabadyň gidrogeologiýa ekspedisiýasy Serdar etrabyndaky «Çukur» ýatagynda ýerasty süýji suw goruny ýüze çykaryldy. Täze çeşme Hojagala, Çukur, Bendesen, Ajydere ýaly iri obalary suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Magtymguly etrabyndaky «Arçaly» ýatagynda geçirilen barlaglar agyz suw gorlaryny ýüze çykardy, olary Çukur ýurt, Könekesir, Daýna obalarynyň ilatyny suw bilen üpjün etmekde ulansa bolar.

Ussat news

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.