«Marygazüpjünçilik» müdirligi welaýatyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň önümçilik bölümleriniň gazçylary tutuş ýylyň dowamynda Mary welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça çäreleri yzygiderli ýerine ýetirýärler. Gaz hojalyk kärhanalarynyň ýokary hilli taýýarlygy gaz üpjünçilik ulgamynyň gyş möwsüminde ygtybarly işlemegine ýardam edýär.
Toplumlaýyn guramaçylyk-tehniki çäreler boýunça meýilnamanyň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi mynasybetli «Ýolötenetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasy tarapyndan Mary welaýatynyň gaz geçirijileri we gaz üpjünçilik ulgamlary bu günki gün ygtybarly hem bökdençsiz işledilýär.
Güýz-gyş möwsüminde sarp edijileriň ählisini bökdençsiz hem ygtybarly gaz bilen üpjün etmek üçin kärhanada gaz üpjünçilik ulgamlary abatlamak, gaz geçirijileri toplumlaýyn barlagdan geçirmek, gaz geçirijileriň tehniki ýagdaýyny bahalandyrmak, gaz geçirijileri çalyşmak we şuňa meňzeş işler öňünden geçirildi. Bu günki gün kärhananyň hünärmenleri 30 sany gaz paýlaýjy we 376 sany gaz sazlaýjy desgalaryň sazlaşykly işini üpjün edýärler.
Häzirki wagtda Mary welaýatynyň çäginde ýaşaýyş jaýlarynyň sany barha artýar, şunuň bilen baglylykda, ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek işleri işjeňleşdirilýär. Bu ugurda gaz hojalyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan giň gerimli işler amala aşyrylýar.
«Soltanbent» geňeşliginiň Gyzyl obasyndaky täze ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde uzynlygy 1000 metr bolan orta basyşly gaz geçiriji guruldy. Ýokarky Sugty geňeşliginiň çäginde orta basyşly gaz geçirijiniň uzynlygy 776 metre barabar. Bu ýerde bir sany gaz sazlaýjy desga oturdyldy.
Kärhanada gaz enjamlaryny barlamak, şeýle hem dürli näsazlyklary aradan aýyrmak boýunça gulluk hereket edýär. Tebigy gaz — biziň milli baýlygymyz, şonuň üçin ony netijeli peýdalanmak Türkmenistanyň her bir raýatynyň borjudyr.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.