Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi
Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir. Eger-de iş tejribesi 2 ýyla golaý bolan 3-nji toparly sürüjiniň 100 kilometr ýola sarp edýän ýangyjyny 100 göterim diýip kabul etsek, onda 2-nji toparly sürüjide şol sarp edilen ýangyç 3 — 4 litr, 1-nji toparly sürüjide bolsa 5 — 6 litr az bolýar. Awtoulagyň uzak wagtlap aralyk herekete geçirijide sürülmegi sarp edilýän ýangyjyň
15 — 22 göterim ýokarlanmagyna getirýär. 1 kilometr aralyk kadaly hereket edilip geçilende sarp edilen ýangyç şol aralyk bat alnyp geçilende sarp edilen ýangyjyň 60 — 65 göterimini tutýar. Ýangyjyň sarp edilişine sowadyjy suwuklygyň temperaturasy düýpli täsirini ýetirýär. Onuň 75 — 80oC amatly temperaturasynyň deregine 40 — 45oC bolan ýagdaýynda ýangyç 10 — 14 göterim artyk harçlanýar. Sowadyjy suwuklygyň temperaturasynyň amatly ýagdaýdan ýokary bolmagy hem sarp edilýän ýangyjy 5 — 10 göterim artdyrýar. Awtoulagyň tehniki ýagdaýy hem birnäçe sebäpleriň üsti bilen ýangyjyň sarp edilişine düýpli täsir edýär. Meselem, haýalladyjynyň we tigriň topunyň nädogry sazlanmagy ýangyjyň sarp edilişini 10 — 20 göterim ýokarlandyrýar. Şeýle hem öň tekerleriň deňliginiň kadaly ýagdaýdan üýtgemegi 10 — 15 göterim ony ulaldyp biler. Ähli tekerlerde howanyň basyşynyň
1 kgs/sm2 peselmegi 10 göterime, klapanlaryň nädogry sazlanmagy 5 — 8 göterime, ekonomaýzeriň näsazlygy 10 göterime, sekiz silindrli hereketlendirijide bir ot berijiniň (sweçiň) işlemezligi 15 — 18 göterime, alty silindrli hereketlendirijide bolsa 20 — 25 göterime, bir pürküji guralyň işlemezligi 25 — 30 göterime çenli ýangyjyň sarp edilişini ýokarlandyrýar. Hereketlendirijiniň silindrleriniň gilzalarynyň, porşeniň kolsalarynyň güýçli kütelmesi, silindriň blogunyň ýapynjasynyň zaýalanmagy silindirlerdäki sazlaşygy birden peseldýär we hereketlendiriji öz kuwwatyny ýitirýär. Şol sebäpden gerekli kuwwaty almak üçin sürüji ýangyjyň berlişini köpeldýär ýa-da pes geçirijide hereket etmeli bolýar, bu bolsa ýangyjyň gereginden artyk harçlanmagyna getirýär.
Awtoulaglara öz wagtynda ýokary hilli edilen tehniki hyzmatlar, şol geçirilýän işlere doly gözegçilik etmek ýangyjyň artyk harçlanmagynyň öňüni almakda örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Awtoulagyň tehniki ýagdaýy ýangyç bilen üpjün ediji we herekete getiriji enjamlaryň, transmissiýanyň, dolandyryjy mehanizmleriň sazlanyşynyň hili bilen kesgitlenýär.
Önümçilik-tehniki gullugy ulaglara tehniki hyzmatlaryň we abatlama işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilde ýerine ýetirilmegine, maslahat berlen ýangyjyň we çalgy ýaglaryň ulanylmagyna berk gözegçilik etmelidir. Wagtynda geçirilýän tehniki hyzmatlar tehnikanyň işlemegi üçin harçlanýan ýangyjyň we ýagyň tygşytly sarp edilişini üpjün edýär. Geçirilýän hyzmatlaryň esasylarynyň biri-de ýag we ýangyç bilen üpjün ediji enjamlaryň jebisligini barlap durmak hem-de sähelçe möçberde syzýan ýerleri tapylan badyna onuň sebäbini bilip, dessine düzeltmek bolup durýar.
Eger-de bu tehniki hyzmatlar öz wagtynda ýerine ýetirilmese, onda agramy bary-ýogy 0,05 gram bolan her bir syrygýan damja tehnikanyň ýangyç gabyndan bir ýylyň dowamynda 1,5 tonna golaý ýangyjy ýitirmäge sebäp bolup biler diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň inženeri Ezizmyrat Halmyradow belledi.
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.