«Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

19:05 10.02.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/2847/original-162051bc2306c9.jpeg

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalary çap etmegi dowam edýär.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna umumymilli baýramçylyk — Bitaraplyk güni mynasybetli hem-de Täze ýyl Gutlaglary bilen açylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ata Watanymyz döredijiligiň we üstünlikleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan netijeler mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsir edip, geljege ynamyny has-da berkidýär.

Žurnalyň “Açyşlar we täze işläp düzmeler” bölüminde türkmen diliniň şahyranalygy barada gürrüň berýän “Oksimoronlaryň emele gelşi we ulanylyşy” atly makalada baý we kämil diliň halkyň milli medeni mirasynyň baş ruhy daýanjydygy bellenilýär.

Kökleri müňýyllyklara uzap gidýän türkmen dili sözleýşiň täsirliligini artdyrýan, okyjynyň ýa-da diňleýjiniň aňyna ýiti täsir edýän, çeper eseriň ýatda galyjylygyny üpjün edýän çeper aňlatmalara örän baýdyr. Makalada türkmen diliniň gadymy çeşmelerinden, XVIII — XX asyrlara degişli eserlerden, şeýle hem halk döredijiliginden alnan baý maglumatlar seljerilýär.

Bu bölümde “Merwiň Beýik Seljuklar döwründäki küýzegärlik sungaty” atly makala ýerleşdirilipdir. Orta asyrlar eýýamy adamzat jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünliklere beslenipdir. Senetçilik, ylaýta-da, küýzegärlik sungaty uly ösüşlere ýetipdir.

Makalada dürli çeşmelerden alnan maglumatlaryň hem-de arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan taryhy tapyndylar seljerilende, türkmen senetçileriniň adaty tehnologik usullar bilen bir hatarda, heniz küýzegärlik senedinde mälim bolmadyk täze himiki serişdeleri ulanandyklary barada netije çykarylýar. Gülleri, guşlary, haýwanlary şekillendirmegiň, küýzelere nagyş salmagyň nesilden-nesle geçip, häzirki güne çenli saklanyp galan ýörite usullary ulanylypdyr. Bu däpleri häzirki zaman ussat küýzegärleri dowam etdirýärler.

“Isgendergala hakynda täze arheologik maglumatlar” atly makala hem hünärmenlerde uly gyzyklanma döreder. Onda Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň ýanynda ýerleşýän arheologik ýadygärlikler barada gürrüň berýärler.

Okyjy, ilki bilen, makalada bu ýerde dürli ýyllarda geçirilen ylmy-barlag işleri, şeýle hem ýadygärligi häzirki zaman usullary we tehnologiýalary ulanmak arkaly öwrenmek maksady bilen guralan ýörite ylmy ekspedisiýanyň netijeleri barada giňişleýin maglumat alyp biler. Antik döwre degişli ýazuw çeşmelerinde Isgendergala barada hiç zat aýdylmaýandygy baradaky maglumatlar täze arheologik barlag işleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Alymlaryň pikiriçe, bu ýadygärligiň binagärlik keşbi we ýerleşişi galanyň öz wagtynda duralga, şeýle hem harby hereketler wagtynda daýanç nokady hökmünde ulanylandygyny çaklamaga esas berýär. Şeýle ýadygärlikleriň öwrenilmegi ýurdumyzyň baý taryhynda täze sahypalary açýar.

“Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary” bölümindäki “Türkmen halk döredijiliginde Hatam Taýyň keşbi” atly makalada Gündogar halklarynyň medeniýetleriniň özara täsirine üns çekilýär. Halk döredijiligini öwreniji alymlar türkmenleriň parslar, täjikler, owganlar, hindiler hem-de araplar bilen gatnaşyklarynyň türkmen halk döredijiliginde, ylaýta-da, ertekilerde, dessanlarda, nakyllarda uly yz galdyrandygyny nygtaýarlar. Başga medeniýetlerden alnyp, täzeden işlenip, kämillige ýetirilen edebi gymmatlyklar adamlaryň durmuşyna berk ornaşypdyr.

Hatam Taýyň keşbi döredilende, halk oňa ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, sahylyk ýaly iň gowy häsiýetleri çaýypdyr. Munuň özi halk döredijiliginiň, şol sanda türkmen halkynyň hoşniýetliligini we asyllylygyny şöhlelendirýän nakyllaryň, atalar sözleriniň we şygyrlaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Orta asyrlara degişli taryhy tapyndylaryň arasynda altyndan, misden we bürünçden ýasalan önümler aýratyn orun eýeleýär. Bular öý hojalygynda ulanylýan gap-gaçlar, şaý-sepler we köp sanly beýleki zatlardyr. “Orta asyr eýýamynyň bürünç tapyndylary” atly makala hem orta asyr senetçileriniň bürünçden ýasan özboluşly işleri bilen tanyşdyrýar.

Tapylan metal önümleriň aglaba bölegi senetçilik ösen, goňşy sebitler we ýurtlar bilen ykdysady, medeni gatnaşyklar saklanan şäherlerinde öndürilipdir.

Žurnalyň nobatdaky sanynyň esasy makalalarynyň biri hem Nurmuhammet Andalyp we Magtymguly Pyragy ýaly türkmen halkynyň görnükli akyldar şahyrlarynyň döredijiligindäki meňzeşlikler hem-de aýratynlyklar baradadyr. Andalyp şygyr düzüliş usulyna we diline täzelikleri girizen bolsa, Magtymguly Pyragy şygyr düzüliş usulynyň milli häsiýetine ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik dili bilen ýakynlaşdyran täze taglymlary we dünýägaraýşy girizipdir. Mundan başga-da, makalada Magtymgulynyň döredijiligine aýratyn orun berilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary umman ýaly giň, çeşme ýaly dury, dür ýaly gymmatly, merjen düzümi deý çeperdir. Hut şonuň üçin hem görnükli gündogarşynas Ý.Bertels şahyryň döredijiligini «Jemşidiň jamyna» deňäpdir.

“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn” bölüminde geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy hem-de medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär. Bu bölümde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň yzygiderliligini görkezýän “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň möhüm wakalary öz beýanyny tapýar.

Köp sanly fotosuratlar, şol sanda muzeý hem-de arhiw gymmatlyklarynyň suratlary türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň sahypalaryny bezeýär.

Başga habarlar
16628e14ee386e.jpeg
«Energetika diplomatiýasynyň esaslary we energiýa serişdeleri»

Ýakynda şeýle at bilen täze kitap okyjylar köpçüligine we talyplara okuw gollanmasy hökmünde gowuşdy. Bu kitap nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly sowgat boldy.


16628b83530317.jpeg
Тürkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara

Тürkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara.


1662697226d3a6.jpeg
Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginden soň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge girişmäge taýýarlanýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynda dört sany hyzmatdaşlaryň biri bolan Pakistan gurluşyk işlerine başlamak üçin 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli gutarnykly makullama almaga garaşýar. Bu barada Pakistanyň Energetika ministrliginiň nebit bölüminiň howandarlygynda iş alyp barýan we gaz pudagynda strategiki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan «Inter State Gas Systems» kompaniýasy habar berdi.

16626938e564ef.jpeg
Hytaý 1-nji çärýekde 2,4 mlrd dollarlyk türkmen gazyny import etdi

2024-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Hytaý jemi bahasy 2,4 mlrd dollar bolan türkmen gazyny import etdi. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligi habar berdi.


166261990b3140.jpeg
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.