Sowgat (Hekaýa)
Mundan on bäş, ýigrimi ýyl uzakda galan, kem-kemdenem arany açyp barýan mekdep ýyllaryny, söýgi humaryna başy sämedip ýörlen günleri ýatlamak meniň üçin-ä diýseň ýakymly. Bujagaz ýatlamamam şol, süýji günleriň bir sahypasy…
… Aýjanlar şäherden biziň obamyza, hany göreýin, aý, bolaýsam altynjy ýa ýedinji synpda okap ýörkäm göçüp barandyrlar-da. Özümden kiçi jigim Şemşat bilen bir synpda okansoň, onsoňam biziň «täze oba» diýip atlandyrylýan bäş-on öýden ybarat syrgynymyz esasy ilatly ýerden birneme üzňeräk ýerleşensoň, ilki-ilkiler mekdebe-de bileräk gatnardyk. Şeýle ýagdaý birki ýyl dagy dowam edensoň, synpdaş bolmasagam, Aýjan bilen kemsiz öwrenişipdim. Biziň mekdebe tirkeşip, bile gatnamagymyz diňe soňky synplara ýetenimizden soň, biziň-ä özümizi uly oglan, olaryňam özlerini ulugyz saýyp başlamaklary bilen sadaja çekinjeňlik zerarly galypdy.
Şol garma-gürmelikde-de men orta mekdebi tamamladym. Aýjan dagy orta mekdebiň soňky ýylynda okap ýörkälerem men obada, daýhançylyk bilen meşgullandym.
Wagt diýeniň geçip dur. Hä diýmän, Aýjan dagynyňam soňky okuw ýyllary ahyrlady. Ol wagta çenli biziň aşyk-magşuklygymyzy tas, tutuş oba diýen ýaly bilýärdi. Jigim Şemşat bolsa bireýýäm «aragatnaşykçy» wezipesinden boşadylypdy. Aýjan «soňky jaň» dabaralary golaýlan döwürleri, jigim Şemşat bilen käbir zatlary maslahatlaşmak bahanasy bilen biziňkä geldi. Giçlik, gaýtjak bolanda-da hemişeki ýaly, men ony öýlerine çenli ugratdym. Ugratmagam näme, biz üçin duşuşmaga, gürleşmäge bahana-da. Şeýdip, ondan-mundan gürrüň edip barşymyza, olaryň «soňky jaň» dabaralarynyň üstünden bardyk.
– Aýjan, gutardyş dabaraňyza menem barsam, gelşiksiz bolaýarmyka?
Aýjan biraz pikirlenip, sesini çykarman durdy. Soňundanam, bir zat ýadyna düşen ýaly, ýüzüme dikanlady.
– Rüstem …
– Hä, barmaýynmy? Il gözünden çekinýäňmi? Gelşiksiz bolar öýdýäňmi? Şeýle bolsa, göwnüňe hiç zat getirme-de, aýdaý arkaýyn …
– Wah, ýok-la… Oň ýaly zatlar-a ýadyma-da düşenok. Ýöne, kyn görmeseň, bir zat haýyş edäýjekdim-dä …
– «Kyn görmeseňiň» näme, Aýjan? Seň üçin hemme zada taýyn-a men…
– Wah, bilýän-le, Rüstem. Maňa edil, hemme zad-a gerek däl welin … Kakam ertir on-on bäş günlük Mara iş sapary bilen gidýär. Meniň «soňky jaňyma-da» gelip bilenok.
– Näme, «şoň ýerine git» diýjek bolýaňmy?
– Seň ýadyňa oýun düşýär. A men bolsam, akja bägüllerden galýan.
– O nämäň bägülleri?
– Bägül-dä. Akja bägüller. Meniň dünýäde iň gowy görýän güllerim. Men soňky jaňymda ak bägül sowgat etmegini köpden bäri kakamyň boýnuna goýup ýördüm. Bilemok, nämedendigini, ýöne, şol bägülleri almasam, birhili…
– A nämüçin sen olary almaly dälmişiň? Kakaň bermän, şolary men sowgat etsemem bolýandyr-a?
Men şu sözleri aýdanymdan soň, Aýjan göýä, uly bir zady diläp, şonuň üçinem kiçelip duran ýaly, utanjaňlyk bilen, ýuwaşja pyşyrdady.
– Menem şony diýjek boldum-da.
– Onda şol akja bägüller gujagyňda hasap edäý…
… Diýsemem-ä diýdim welin, özümiň şol gün juda uly gürländigime maý aýynyň ýigrimi bäşi güni säher bilen göz ýetirip ugradym.
Wah, edil beýle bolmalam däldi-le welin, bar gözümi dikip ýörenje howlym – Bilbil mugallymlaryň akly-gyzylly güllerden doly howlusy menden öňem telim okuwçy tarapyndan zabt ediläýen bolsa nätjek. Başga-da «pylanylarda-da bolmalydyr» diýäýen howlularymdanam paltam daşa degip, etrap merkezine tarap gidýän ýola çykdym. Gabat gelen ulaga münübem, etrap merkeziniň bazaryna bardym. Ýöne, bolmazyna tutanda hiç bolmaýan ekeni. Bazardanam, salgy alyp baran öýlerimdenem ak bägül tapyp bilmedim. Welaýat merkezine gidip gelýänçäm näçeräk wagtyň geçjekdigini hasapladym-da, bu pikirimdenem el çekäýdim.
Dogrudanam, oba gelenimde eýýäm gün günorta boluberipdi. «Aý, ind-ä «soňky jaňlaram» tamamlanyberendir» diýip, öz ýanymdan çen urup barşyma-da, Aýjan dagynyň duşaýmajak ýollaryny saýlap, gaýyn obasyna giýewlemäge barýanyňky ýaly, bukdaklaý-bukdaklaý, özümi zordan öýe atdym. Törki jaýyň gapy-äpişgelerini ýapyp, garaňkyratdym-da, bagrymy ýassyga berdim.
Şemşadyň sesine oýanypdyryn.
– Şemşat, sagat näçe boldy şu wagt?
– Ä-hä, indi sagat ýadyňa düşäýdimi? Adam baryny garaşdyryp…
– Bäh, seňki näm-aý? Ertirden bäri gören görgimem ýeterlik meň…
Men otagdan çykyp barşyma, Şemşadyň soňky sözlerini eşitmezlige çalyşdym. Sebäbi onuň nämeler diýjegini bilipjik durdum. Ýöne, daş işikde, äpişgäniň öňünde, güldana salnyp goýlan bir çemen akja bägüllere gözüm düşendenem, nädip yzyma baranymy bilmän galdym.
– O nireden çykdy?
Şemşat äm-säm boldy.
– Kim?
– Kim, kim… Indi, bilmediksirän bolubam agyrt meň başymy…
– Wiý, daş edewersin, nämä gygyrýanyňy bir aýd-a ilki?…
– O güller kimiňki?
– Haýsy güller?
– Güldandaky güller … Akja bägüller. Şu obadanam, hiç ýerdenem tapylmaýan, obaň oglanlarynyň düýn öýlän bir ýerde bar bolsa, ýygyp çykan gülleri. Nireden aldyň sen olary?
– Wiý, nireden alaýyn. Berdiler… Ýaňy, soňky jaňda …
– Hä-ä, şeý diýsene … Indi düşünjek bolýan …
– Nämä düşünjek bolýaň?
– «Iki jora bolup, akja bägülleri gowy görýäs, herimize-de şony sowgat berýäler» diýip, gönüläp aýdaýmaly ekeni-dä, Aýjanam. «Kakam pylan ýere gidýä, şoňa derek sen äberäý» diýen bolup …
Şemşat meni gözlerini petredip diňledi. Soňam, ýaşa dolan didelerini gyzardyp bir zatlar diýjek boldy-da, onam başarman, otagdan çykyp gitdi. Gahar bilen yzyndan gygyryp, daş işige tarap ýönelenimdenem, öňümde duran Aýjana gözüm düşdi. Jigime aýdan sözlerimden onuňam paýyny ýetireýin diýip, bat alyp ugranymdanam, Aýjan menden öňürtdi.
– Rüstem, sen nämeler edip, nämeler diýip ýöreniňi bir bilýäňmi?
– Wah, şony bilýän-dä. Aýdanlarymy saňa-da gaýtalap bereýinmi? Saňa-da degişli şo zatlar …
– Hany, dursana, Rüstem. O gaharyňy giç bolmanka ýuwut-da, meni diňle, soň, näme netije çykarsaň, özüň bilýäň.
Men oňa soragly nazarymy dikdim.
– Rüstem, şu gün seň ýoluňa menem-ä garandyryn welin, Şemşadyň-a tas, boýny gyşarypdy. Garaz, ahyrsoňy «ak bägül tapan däldir» diýen netijä geldi. Şonuň üçinem, özüne berlen çemeni biri bilen akja bägüllere çalyşdy. Ýagdaýy bildirmezlik üçin, öýe-de menden aýratyn gaýtdy. Ine, şu-da meniň gelip durşum… Senem oňa nirede ýok ýükleri ýükläpsiň …
Aýjan Şemşadyň öýkesini ýazmak üçin beýleki otaga çykyp gitdi. Bir salymdanam yzyna dolanyp geldi-de, bilner-bilinmez ýylgyryp, maňa ýüzlendi.
– Rüstem, sen dogrudanam, şu gün meniň üçin ak bägül gözlediňmi? Şonuň üçin eglendiňmi?
Sesimi çykarman, onuň göreçlerine gözümi dikdim. Nazarymyz çaknyşandanam, «hawa» diýen manyda başymy atdym-da, ýylgyryp goýberäýdim.
– Rüstem, onuň üçin gynanyp ýörme. Maňa seniň ýürekden alada edendigiňem ýeterlik. Näbileýin, haýyşymy unudaýansyň öýtdüm …
Şol gün agşam jigim Şemşadyň getiren akja bägüllerini Aýjana eltip berdim …
Myrad HUDAÝGULYÝEW,
žurnalist.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.