Türkmenistan Ýaponiýa bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi we bilelikdäki kärhanalary döretmegi maksat edinýär
Türkmenistan Ýaponiýa bilen söwdany ösdürmegi, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegi we bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen bilelikdäki kärhanalary döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki bilen duşuşygynda belledi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň däp bolan giň gerimli türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge çalyşýandygy nygtaldy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Ýaponiýany ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hasaplaýar. Energetika, nebit hem-de gazhimiýa, ulag we logistik ulgamlary, şeýle-de beýleki geljegi uly pudaklar türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow we ýaponiýaly diplomat özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli derejelerde yzygiderli duşuşyklar we wekiliýetleriň alşylmagy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, bilelikdäki işewürler maslahatlary hem-de «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk muňa gönüden-göni ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, iri senagat toplumlarynyň — Maryda ammiak we karbamid öndürýän zawodyň, Balkan welaýatynda, Garabogazda karbamid dökünlerini çykarýan kärhananyň, Gyýanlyda polietilen hem-de polipropilen öndürýän toplumyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa awtomobil ýangyjyny öndürýän zawodyň gurluşygynyň amala aşyrylmagyny mysal hökmünde görkezmek bolar. Häzir ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze, döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Ussat news
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar
«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.