ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Bu edara şeýle hem Brent nebitiniň 2023-nji ýyl üçin hem çaklamasyny 68,48 dollardan 88,98 dollara çenli ýokarlandyrdy.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, Brent nebitiniň spotlaýyn bahalary fewral aýynda ortaça barreli üçin 97 dollara çeň boldy. Bu ýanwardakydan 11 dollar köpdür. Nebitiň bahalaryna bolan basgy, ilkinji nobatda,, Ukraina bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlaryň netijesinde ýüze çykdy.
Edaranyň çaklamagyan görä, mart aýynda Brent-iň ortaça bahasy 117 dollar bolar. EIA-nyň çaklamalaryna görä, ikinji çärýegiň netijeleri boýunça Brentiň ortaça bahasy 116 dollar, 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolsa, 102 dollar bolar.
«Biz 2023-nji ýylda ortaça bahanyň 89 dollara çenli düşmegine garaşýarys. Muňa garamazdan, baha çaklamalary gutarnykly däl. Baha çaklamalary Russiýa girizilen çäklendirmelere, şeýle hem mümkin bolan çäklendirmeleriň Russiýada nebit çykarylyşyna täsirine we rus nebitiniň dünýä bazaryna satuwyna bagly bolar» - diýlip habarda aýdylýar.
Şol bir wagtda minsitrlik dünýäniň nebit ätiýaçlyklaryny artdyrmak boýunça çaklamasyny 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginden 0,5 mln barr/g möçberde kesgitledi.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.