Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli teklipleriň üstünde işlemegi tabşyrdy

https://ussatnews.com/storage/posts/31/original-15f7d5279c7e96.jpeg

6-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzy has-da ösdürmek, abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Aşgabat öz çäklerini barha giňeldýär, onuň binagärlik toplumynyň üsti bolsa, täze jaýlar we desgalar, şol sanda gurulýan ýollar bilen ýetirilýär, ugurdaş desgalar bina edilýär. Bu iş her gün dowam edýär,-diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti şäher gurşawynyň abadançylygyny mundan beýläk-de üpjün etmek, bagy-bossanlyklara, gül-gülzarlyklara öwürmek boýunça birnäçe öwüt-nesihatlaryny berdi. Döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli teklipleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.