Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi açyldy
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy.
Ýurdumyzyň gazananlaryny hem-de halk hojalyk toplumyny ösdürmekde döwrebap meýilleri öz içine alan foruma ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 37-si, teleýaýlymlaryň 6-sy, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýar.
12 gün dowam etjek hem-de dürli işewürlik çärelerini öz içine aljak wideomaslahat görnüşinde geçirilýän baýramçylyk sergisine daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem gatnaşar.
Şeýle giň gerimli çäräniň geçirilmeginiň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan hem-de ählumumy parahatçylygy gazanmaga, özara bähbitli we deňhukukly döwletara gatnaşyklary, şol sanda daşary ykdysady we daşary söwda aragatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Serginiň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ygtybarly binýady” atly maslahat geçirildi.
Edilen çykyşlarda dürli meseleler gozgaldy. Diýarymyzyň daşary söwda işiniň strategiýasy, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary hem-de daşary ýurtly maýadarlar üçin giňelýän mümkinçilikler, elektron söwdany guramagyň hasabyna ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň hem-de hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek we beýleki meseleler maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.
12-nji dekabra çenli her gün Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň meýdançasynda mowzuklaýyn çäreler, şol sanda ýurdumyzyň obasenagat, ýangyç-energetika toplumlaryny, gurluşyk we senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlaryny, ykdysadyýet we bank işini ösdürmäge, milli kanunçylyk binýadyny, daşary syýasat edarasynyň işini kämilleşdirmek, Diýarymyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça işlere bagyşlanan çäreler geçiriler.
Çäreleriň hatarynda wideoaragatnaşyk görnüşindäki ylmy-amaly maslahatlar, ýygnaklar, duşuşyklar, “tegelek stollar”, işewür duşuşyklar bar, şolaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Türkmen bazarynda üstünlikli işleýän hem-de uzak möhletleýin esasda işewür gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň geljekki hyzmatdaşlary onlaýn görnüşde öz tekliplerini beýan ederler.
Maslahatlara hem-de “tegelek stollaryň” mejlislerine gatnaşyjylar geljegi uly taslamalar, şol sanda “akylly şäher” taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
“Sanly çözgütler — 2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlener. Sanly.tm täze milli elektron poçtasy hem-de “tmchat” programmasynyň menejeri bilen tanyşdyryş çäresi, “Türkmen sähra — 2020” hem-de Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň ylmy işleriniň wirtual sergisi guralar. Sergä gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanyna çykarylan täze neşirler bilen hem tanşyp bilerler.
Serginiň ýapylyş dabarasy 12-nji dekabrda — tutuş dünýäde Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän gününde geçiriler.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.