Nebitli känleriň işlenip geçilişi
Bütindünýä nebitgaz tejribesinden belli bolşy ýaly, çig nebitiň ýerasty baýlyk hökmünde emele gelşi köptapgyrly, gaty çylşyrymly we uzak döwürli himiki hadysalary öz içine alýar hem-de dünýä alymlary bu çylşyrymly himiki öwrülişikleriň inçe syrlaryny şu güne çenli içgin öwrenýärler. Şol sebäpli, şu güne çenli çig nebitiň we gazyň emele gelşi boýunça anyk kesgitlemäniň, doly derejede subut edilen ýeke-täk çözgüdiň ýokdugyny bellemek gerek.
Ýeriň jümmüşinde emele gelen uglewodorodlar töweregi syzdyryjylygy düýbünden ýok diýen ýaly gaty maddalardan düzülen (lowuşka) ýerlerde öz soňky ýatagyny tapýança hereketde bolýar. Şol ýerlerde uglewodorodlaryň ýygnanmasy bolup geçýär we şeýlelikde kän döreýär. Ýygnanan uglewodorodlar mukdarlaryna we görnüşlerine görä nebitli, nebitgazly, nebitgazkondensatly, gazly, gazkondensatly känler döreýär. Tebigy şertlerde bir kände diňe suwuk we diňe gaz görnüşli ýa-da ikisiniň bilelikdäki gorlarynyň bolmagy mümkin. Bir kände iki görnüşli uglewodorodlaryň senagat derejesindäki gorlary bar ýagdaýynda, adaty bolşy ýaly grawitasiýa segregasiýasy (dykyzlygy we udel agramy) esasynda gaz ýatagyň ýokarky bölegini, nebit bolsa ondan aşaky bölegini eýeleýär. Olaryň arasynda gaz-nebit galtaşmasy, ýagny çägi bolýar we olar işlenip geçilende tebigy ýagdaýda biri-biriniň çykarylyşyna hem-de senagat derejesindäki gorlaryny ýokary derejede özleşdirmäge päsgel bermezlik şerti ýagny ýatagyň çäginde gazyň nebitli we nebitiň gazly çägine uly möçberde akyp geçmegine ýol bermezlik bolup durýar. Şeýle känleriň işlenip geçilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmak üçin esasy maksat, olaryň biri-birine etjek negatiw täsirini azaltmak bolup durýar. Tebigy şertlerde bu känleriň ýerleşişi boýunça aşagynda ýa-da töwereginde dürli möçberde gatlak suwlary hem bolup biler. Häzirki wagtda dünýä tejribesinde nebitli we gazly hem-de bilelikdäki känleri has ähmiýetli şertlerde işläp geçmek boýunça köp görnüşli usullaryň bardygyny bellemeli.
Nebitli känleriň önümli gatlaklary dürli çuňluklarda bolup biler. Türkmenistanyň gury ýerde ýerleşýän we häzirki wagtda işlenip geçilýän nebitli känleriniň önümli gatlaklary takmynan 1000-4000 metr aralygyndaky çuňluklarda ýerleşýär.
Türkmenistanyň nebitli känleriniň özboluşly aýratynlyklarynyň biri – olaryň çylşyrymly geologiki gurluşy we köp gatlaklylygy bolup durýar. Şeýle känlerde esasan aşakdan ýokarlygyna, ýagny ilki bilen iň aşaky gatlaklar we soňra ýokarky gatlaklar işlenip geçilýär. Häzirki wagtda iki we ondan-da köp gatlaklary bilelikde ýa-da aýratynlykda işläp geçmeklige mümkinçilik döredip bilýän usullaryň bardygyny bellemek bolar.
Bütindünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, nebitli känler önümli gatlaklaryň tebigy energiýasyndan peýdalanmak we daşyndan goldaw bermek, ýagny emeli ýagdaýda suw, gaz we olaryň bilelikdäki hem-de baglanyşykly köpdürli komponentlerini önümli gatlaga ýokary basyşda goýberip, gatlak basyşyny goldamak arkaly işlenip geçilýär. Gatlak basyşyny suw goýberip goldamak usuly Türkmenistanda Gumdag, Goturdepe, Barsagelmez we Ýaşyldepe känlerinde yzygiderli we uzak möhletli däl ýagdaýda ulanylandygyny bellemek gerek.
Nebitli känleriň önümli gatlaklary tebigy şertlerde, ýagny diňe gatlaklaryň tebigy energiýalaryny (güýçleri) ulanmak şertlerinde işlenip geçilende, nebitiň gatlaklardan ulanyş guýularyň düýpýan zolagyna akyp (süýşüp) gelmegine esasan gatlak suwlary, maddalaryň gysylmagy, gatlakdaky (tebigy gaz we nebit) gazlaryň basyşy hem-de grawitasiýa segregasiýasynyň esasynda döreýän güýçler (režimler) täsir edýär. Bu režimleriň arasynda iň ähmiýetlisi önümli gatlagy gurşaýan örän güýçli gatlak suwlarynyň ulgamynyň basyşy esasynda emele gelýän güýç (energiýa) hasaplanýar. Nebitgaz tejribesine laýyklykda, bu energiýanyň hasabyna köp halatlarda önümli gatlakda bar bolan senagat derejesindäki geologiki nebit gorunyň takmynan 50-70 göterime çenlisini, aýratyn oňaýly ýagdaýlarda 80 göterime çenlisini çykaryp almaga mümkinçiligiň döreýändigini bellemek bolar. Bu energiýalaryň iň pes derejedäkisi hökmünde önümli gatlagyň şertlerinde çig nebitiň düzüminden bölünip çykýan nebit ýa-da ugurdaş gazlaryň basyşynyň netijesinde döreýän energiýa hasaplanýar. Bu energiýa önümli gatlakda çig nebiti herekete getirýän ýeke-täk güýç bolan ýagdaýynda, önümli gatlakda bar bolan senagat derejesindäki geologiki nebit gorunyň takmynan 15-20 göterime çenlisini, aýratyn oňaýly şertlerde 30 göterime çenlisini çykaryp almaga mümkinçilik döreýär diýip hasaplanýar.
Tebigy şertlerde, ýagny önümli gatlaklaryň tebigy ýagdaýlarynda, juda oňaýly şertleriň örän seýrek gabat gelýändigini bellemek gerek. Hakykatda, önümli gatlaklaryň geologiki-fiziki şertleri örän çylşyrymly bolýar. Esasan şu we gaýry sebäplere görä, önümli gatlaklar has pes depginde ýa-da nebit-gaz we nebit-suw galtaşmalarynyň hereketleri doly derejede gözegçilikde saklanylman hem-de sazlanylman işlenip geçilende gatlaklaryň çäklerinde pes derejede özleşdirilýän zolaklaryň döremegi gaty ähtimal hem-de şol zolaklaryň çäklerinde gatlagyň geologiki-fiziki şertleri bilen baglylykda çig nebitiň belli bir möçberiniň «adajyklar» görnüşinde bölünip galmagy mümkin. Bu adajyklaryň möçberi (ölçegi) önümli gatlakda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň mukdaryna, önümli gatlagyň geologiki-fiziki şertlerine, çig nebitiň fiziki-himiki häsiýetine, gatlagyň işlenip geçiliş depginine we käbir gaýry şertlere bagly bolup biler. Nebit tejribesinde şeýle gorlara esasan «çykarmasy kyn» gorlar diýilýär. Kynlygynyň esasy sebäpleriniň biri – ilki başda olaryň önümli gatlaklarda bölünip galýan anyk ýerlerini we möçberini kesgitlemek bolup durýar.
Önümli gatlaklaryň ýokarda agzalan şertlerini öwrenmek üçin, adaty bolşy ýaly, her bir önümli gatlagyň işlenip geçiliş kartasy, şol sanda ulanyş guýulary boýunça çig nebitiň her günde we umumy çykarylan möçberleriniň, önümiň suwlanmasynyň, nebit-gaz, nebit-suw galtaşmalarynyň ýerleşişiniň hem-de şu hadysalar we senagat derejesindäki gorlaryň özleşdirilişi bilen baglylykda gatlak basyşynyň üýtgeýşiniň we beýleki zerur gerek maglumatlar boýunça yzygiderli ýörite kartalar gurlup durulýar. Bu kartalar esasynda alynýan maglumatlar bilen önümiň çykarylyşy baradaky hakyky resmi maglumatlary seljermek boýunça her bir önümli gatlagyň nebit gorlarynyň özleşdirilişi we umumy işlenip geçilişi baradaky anyk tebigy şertler kesgitlenýär. Häzirki wagtda önümli gatlaklaryň işlenip geçilişi we olarda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilişi baradaky maglumatlar häzirki zaman geologiki we gidrodinamiki modeller arkaly hakykata has golaý şertlerde öwrenilýär.
Şeýle çäreler arkaly önümli gatlaklaryň umumy ýagdaýy, şol sanda gatlagyň çäklerindäki nebit doýgunlygynyň derejesi anyk we doly derejede öwrenilen şertlerde, bütindünýä tejribesinde ulanylyşy ýaly ýa-da meňzeşräk we göz öňüne getirip boljak sada deňeşdirme edilende, ýagny daýhanlar tarapyndan ýeriň gyşky taplaýyş şüdügär suwy berlende, bu işiň netijeliligini has ýokarlandyrmak üçin suwuň barmaýan ýerleri kesgitlenip, tekizlenip ýa-da şol ýerlere suwuň akyp barşynyň depgininiň güýçlendirilişi ýaly, ýeriň jümmüşindäki önümli gatlaklaryň pesräk işlenip geçilýän zolaklaryna gatlak suwlary ýa-da ýokardan emeli ýagdaýda gatlaga goýberilýän suwlar arkaly şol hereket pesräk ýa-da düýbünden hereketsiz zolaklardaky çig nebiti herekete getirmek işlerini sazlap, başgaça aýdylanda nebitiň ulanyş guýularynyň düýpýan zolagyna päsgelçiliksiz akyp gelmegine doly derejede şert döredip, känden çykarylýan çig nebitiň möçberini köpeltmäge, şol sanda önümli gatlaklarda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilişiniň ähmiýetliligini has ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredip boljakdygyny bellemek bolar. Şeýlelikde, her bir nebitli käniň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilişini mümkin boldugyça iň ýokary derejä ýetirmek maksady bilen, olaryň işlenip geçilişini ýokarda agzalan çäreler arkaly elmydama gözegçilikde saklap, gerek ýerinde bu prosesi sazlap durmaklyk iň möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.
Ýokarda agzalanlar bilen baglylykda, nebitli gatlaklar işlenip geçilende önümli gatlaklaryň ahyrky nebit berijilik görkezijisiniň iň ýokary derejesine ýetmek, ýagny gatlagy iň bähbitli derejede özleşdirmek üçin, çig nebiti gatlak şertlerinde gidrodinamiki kanunlara laýyklykda, talap edilýän tizlikdäki herekete getirmek üçin oňaýly energetiki şertleri ulanmaklyk we bar bolan nebit-gaz hem-de nebit-suw galtaşmalarynyň gatlak boýunça gyradeň süýşme hereketini gazanmaklyk talap edilýär. Nebitli känleriň işlenip geçiliş tejribesine salgylanylsa, tebigy energetiki şertleriň pes bolan ýagdaýlarynda, önümli gatlaklara emeli ýagdaýda ýokary basyşda suw goýbermek usuly arkaly ýokary netijeleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Bu usuly önümli gatlaklarda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň ýeterlikli derejedäki möçberine laýyklykda, känleri işläp geçmegiň her bir tapgyrynda-da ulanmaklyk peýdaly hasaplanýar.
Ramazan UDUMOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Innowasion tehnologiýalar bölüminiň başlygy, tehniki ylymlaryň kandidaty.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.