Onda şygryýete söýgi bar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän özgerişliklerden gülleýän diýarymyzyň ösüşlerine guwanmazlyk mümkin däl. Şol ajaýyplyklary ýazyjy-şahyrlar şygyrlarynda wasp etse, bagtyýarlyga beslenen pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar bolsa gülzarlygyň goýnunda gülleýän Watanymyzyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler.
Bu ajaýyp zamanamyzda öz ýürek joşgunyny dürli eserler arkaly beýan etmäge synanyşyk edýän ildeşlerimiz kän. Olar öz kalp joşgunynyň önümi bolan eserlerini bize iberip durýarlar. Biz hem şeýle ildeşlerimiziň döredijilik älemindäki synanyşyklaryny «Makalalar» atly rubrikada ýerleşdirmegi makul bildik. Şu gün hem Aşgabat şeheriniň ýaşeýjysy Gurbansoltan MÄMMETSÄHEDOWA öz goşgularynda durmuşymyzyň görkanalygyny artdyrýan enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň waspyny ýetirýär.
EJEME
Özüň arassaçyl bolanyň üçin,
Arassa bolmagy öwredipdiň sen.
Tertipli bolmagy ündäp her günde,
Edepli edipdiň bizi, jan ejem.
Dogruçyl bolmagy nesihat edip,
Çagalaň ählisine öwredip edep,
Ähli aýdanlaryň sapak edinip,
Kämilligi aldyk senden jan ejem.
Bu gün oba-ilde abraýmyz uly,
Sylanýarys, sylaýarys illeri,
Käte ýatlap, öwüt berlen günleri,
Saňa alkyş aýdýas, üýşüp, jan ejem.
Kämil maşgalada kemala geldiň,
Il alkyşyn aldyň, hormatyn aldyň,
Çagalaryň abraýyny gazandyň,
Ogul-gyza guwanypdyň, jan ejem.
Mylaýymdyň, ýumşakdy häsiýetiň,
Göz öňümden gidenok seň syratyň,
Mäkäm tutup musulmanlyk sünnetin,
Haja gidip, hajy bolan, jan ejem.
Owadan keşbiňi ýatlaýan ýene,
Näçe ýatlasamam, az bolýar ýene,
Dünýäde seniň dek barmyka ene,
Haja gidip gelen Nursoltan ejem.
TERBIÝEÇI GELNE
Ezber gördüm bir eneke gelini,
Aglak gyzym aglatmanjyk güýmedi.
Başga enekelere hiç başartmadyk,
Keçjal gyzym aglamakdan saklady.
Onda jady barmy, ýa ene mähri,
Ähli çagajyklar onuň daşynda.
Diňdirip bolmaýan mähriban gyzym,
Indi hiňlenip ýör oýun başynda.
Ene bolup enä alkyş okaýyn:
«Gunça, saňa baky saglyk dileýän,
Häsiýetiň ýumşak, özüň mylaýym,
Görjek günleň gowy bolsun, ylaýym!».


Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.

Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.