Türkmenistan Hytaýyň ygtybarly uzak möhletleýin gaz hyzmatdaşy bolup durýar — CNPC-niň wise-prezidenti
— Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky energetiki hyzmatdaşlyk berk aragatnaşygy ýola goýdy we öz aýdyň netijelerini berdi diýip, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wise-prezidenti Huan Ýunçžan «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» Halkara forumynda eden çykyşynda belledi.
— Biz tebigy gazy işläp taýýarlamak ulgamyndaky işimizi mundan beýläk hem ilerlederis we iki ýurduň nebitgaz toplumynyň giň gerimde ösmegine ýardam ederis. Geljekde ekologiýa taýdan arassa energiýa bilen durnukly üpjün etmekde ünsi jemläp, täze energiýanyň, täze materiallaryň we täze işjeňligiň tiz wagtda ösmegine ýardam edip, CNPC tebigy gazy energetika ulgamynyň geljeginde möhüm serişde hasaplaýar – diýip işewür belledi.
Onuň nygtamagyna görä, «Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolmak bilen, Hytaýyň uzak möhletli ygtybarly gaz hyzmatdaşy bolup durýar. Iki döwletiň Baştutanlarynyň hut özleriniň tagallalary netijesinde uzak ýyllaryň dowamynda tebigy gazy ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy oňyn netijelerini berdi».
Häzirki wagtda CNPC Türkmenistandan 300 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz satyn aldy. U bolsa iki ýurduň ykdysady taýdan netijeli ösmegine we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etdi.
Şol bir wagtda, wise-prezidentiň belleýşi ýaly, CNPC we türkmen hyzmatdaşlary innowasion tehnologiýalar ulgamynda, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygyny yzygiderli çuňlaşdyrýarlar. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär.
«Geljekde iki ýurduň strategik ýolbaşçylygynda biz tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkideris, özara bähbitlilik ýörelgelerine eýereris, Hytaýyň uly bazaryna girmegi üçin Türkmenistana mümkinçilikleri dörederis, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ösüşine giň gerimli goşant goşarys, söwdanyň möçberini artdyrarys we Türkmenistan bilen Hytaýyň gatnaşyklarynyň taryhyna täze bölümi ýazarys», diýip, hytaýly işewür belledi.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.