Kädi çigidiň peýdasy
Kädi çigidi beden üçin peýdaly önümleriň biridir. Onuň düzüminde PP, A we E, D, C, B topar witaminleri bar. Bu önümiň düzümindäki pektin, Omega-6, Omega-3, sellýuloza, aminokislotalar, demir marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly maddalar gymmatly iýmit çeşmeleri bolup durýar. Kädi çigidi horlanmak isleýänler üçin gerekli önüm bolup durýar.
Kädi çidiginiň saglygy goramakda we berkitmekde peýdaly taraplary sanardan köp. Önümi yzygiderli kabul etmek gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrmakda, gan damarlaryny giňeltmekde, ýürek keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda, holesteriniň mukdaryny azaltmakda, nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, bedeniň kesellerden goraýjylyk ukybyny artdyrmakda örän peýdalydyr.
Süýjilikleri yzygiderli kabul etmek ynsan bedenine ýaramaz täsir edýär. Bu endikden saplanmakda hem kädi çigidi peýdalydyr. Kädi çigidi süýjilikleri iýmek islegini peseltmäge ukyplydyr. Çigidi çig görnüşde iýmek maslahat berilýär. Ol bagryň, içegäniň işini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Çig tohum böwrek keseliniň, iç gatamanyň öňüni almaga we gan basyşyny kadalaşdyrmaga kömek edýär. Kädi çigidini gündelik 30 gr köp we ukudan öň kabul etmek maslahat berilmeýär.
Hydyr ÝOLLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Aýdym-saz täsin güýçdür
Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.
Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.