Owganystanda Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna metjid guruldy
Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidi açyldy.
Metjidiň gurluşygynda täze tehnologiýalar, özboluşly binagärlik çözgütleri, içki bezeg aýratynlyklarynda mukaddes ýazgylar ulanyldy. Toplumda sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desga, awtoduralga bar. Metjidiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň “Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bu ýerde saglyk öýi we mekdep guruldy.
Dabara gatnaşyjylar Owganystanyň hökümetiniň we ähli halkynyň adyndan doganlyk kömegini berýändigi hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine yzygiderli goldaw edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.