Türkmenistan adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna ABŞ-nyň 100 müň dollar pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna pul gatançlaryny yglan etmek boýunça ýokary derejeli çärä gatnaşdy. Gazna 15 ýyl mundan ozal, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyna laýyklykda döredildi. Ol geçen ýyllaryň dowamynda çökgünlikden ejir çeken adamlaryň goragyny we olara kömek berilmegini üpjün etmek üçin ýeke-täk ählumumy netijeli guraldygyny subut etdi. Häzirki forum BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan çagyryldy.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň çykyşynda Türkmenistanyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer ýörelgelere daýanyp, sebitiň ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň tebigy hem-de tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň täsirlerini ýeňip geçmekleri üçin olara yzygiderli kömek berýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda hem-de halkara jemgyýetçiligiň dünýä derejesinde amala aşyrýan hereketlerine goldaw bermek maksady bilen, biziň ýurdumyz 2020-nji ýylyň başynda ýokarda agzalan gazna hoşniýetli erki bilen ilkinji pul gatanjyny — ABŞ-nyň 100 müň dollaryny geçirdi.
BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen dünýäniň döwletlerine we halklaryna ynsanperwer kömekleri bermäge gönükdirilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam edip, Türkmenistan 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň merkezi gaznasyna nobatdaky pul gatanjyny geçirýändigini yglan etdi. Onuň möçberi hem ABŞ-nyň 100 müň dollaryndan ybaratdyr.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.