Makalalar

Iň köp deňiz önümlerini öndürýän ýurtlar

https://ussatnews.com/storage/posts/3556/original-162868b6206d32.jpeg

Balyk we beýleki deňiz önümleri bütin dünýäde islegli azyk önümleri hasap edilýär. Bu ýagdaý bu önümleri iberiji ýurtlar üçin ykdysady taýdan uly bähbit getirýär.

Hasaplamalara görä, dünýäde balyk we beýleki deňiz önümlerini iň köp iberiji ýurtlaryň ilkinji üçlügini Hytaý, Norwegiýa we Hindistan emele getirýär.

Hytaýyň bir ýylda eksporta ugradýan balyk we beýleki deňiz önümleriniň ortaça möçberi 12, 47 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar. Iberilýän önümleriň esasy görnüşleri doňdurylan deňzi leňňeji, balyk we mollýuskalardyr.

Norwegiýa ortaça bir ýylda 11,67 milliard amerikan dollaryna barabar bolan balyk we beýleki deňiz önümlerini daşary ýurtlara eksport edýär. Onuň önümlerini esasy sarp edýänler Ýewropa ýurtlary we Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.

Hindistanda bir ýylda ortaça eksport edilýän balyk we beýleki deňiz önümleriniň möçberi 6,14 milliard dollara barabar bolýar. Onuň önümleriniň esasy sarp edijisi ABŞ we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarydyr.

Şeýle hem Çili, Wýetnam, Kanada, ABŞ, Russiýa, Niderlandlar, Şwesiýa ýaly ýurtlar balyk we beýleki deňiz önümlerini öndürýän ýurtlaryň sanawynyň ilkinji onlugyny düzýärler.

Aziz POZYMURADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.