Otag güllerini ösdürmegiň taryhyndan
Otag güllerini ösdürip ýetişdirmegiň howany täzelemkde, ynsan ýaşaýyş medeniýetini ösdürekde peýdasy irki döwürlerden ýüze çykarylypdyr. Ýörite küýzejiklerde ösdürilip ýetişdirilen gülleriň şekili gadymy diwar suwaglarynyň ýüzüne çekilen suratlarda hem gabat gelýär.
Hytaýda mundan müň ýyl ozalky döwürde hem ýörite küýzelerde otag güllerini ösdürip ýetişdirmegi başarypdyrlar. Şonuň ýaly-da, gadymy golýazmalarda ýörite küýzelerde ekilen tohumlardan ýakymly ysly otag güllerini ösdürip ýetişdirmegiň usullary beýan edilipdir.
Otag güllerini ýetişdirmegi öwrenmek bilen birlikde ýörite gülhanalary — gyşky bagçylyklary döretmegiň hem başy başlanypdyr. Şeýle gyşky baglaryň ilkinjileriniň biri Ýewropada XIII asyrda meşhur bagban Albert Magnus tarapyndan döredilipdir. Soňra ýakymly ysly güller bilen birlikde beýleki yklymlardan getirilen bezeg, täsinlik we miweli, şol sanda sitrus miweli ösümlikleriň gülhanalary (oranşereýalary) döredilip başlanypdyr.
Deňiz saparlarynyň (ekspedisiýalarynyň) we söwda kerwenleriniň hataryna, ösümlikleriň we gülleriň täze-täze görnüşlerini saýlap alyp gelmek üçin, köplenç belli ösümlikçileri (botanikleri) goşup ugradypdyrlar. Iňlis alymy Uordyň oýlap tapan ýönekeýje aýna «gutusynyň» giňden ýaýramagy täze gül tohumlarynyň we nahallarynyň uzak ýoluň dowamynda gurap ýok bolmagynyň öňüni almaga mümkinçilik beripdir. Ýörite çyglylyk derejesi saklanýan şol aýna gutular gülleriň görnüşlerini Günden, duzly suwuň syçramalaryndan goramaga mümkinçilik beripdir. Gutynyň içinde döredilen çygly gatlak güllere suw berip durmak zerurlygyny hem aradan aýrypdyr.
Häzirki wagtda otag güllerini ekmegiň we ösdürip ýetişdirmegiň, olardan gözellik döretmegiň dürli tehnologiýalary giňden ýaýrandyr.
Akmyrat ARAZKYLYÇOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.