Plastik jaýlar
Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, adamlar ýokary hilli dünýä ölçeglerine laýyk gelýän jaýlarda, öýlerde ýaşaýarlar. Ýöne bu ýagdaý «Öz elim bilen» diýen başlangyja esaslanýan elde gurulýan jaýlardan adamlaryň elini sowatmaýar.
Öz eliň bilen özüňe jaý gurunmagyň bir görnüşi hem adaty plastik çüýşeleri ulanyp, täsin hem-de özboluşly bezegli binany gurmakdyr. Şeýle plastik çüýşeler, adatça, zir-zibil zyňylýan ýerlerde we islendik düzgün-tertibe talabalaýyk gözegçiligiň gowşan ýerlerinde ygyşyp ýatýar. Munuň özi bolsa daşky gurşawyň bimöçber derejede hapalanmagyna sebäp bolýar. Olary gaýtadan peýdaly ulanmak üçin olardan adaty ýaşaýyş jaýlaryny gurmak usuly dünýä ýurtlarynda adata öwrülip barýar.
Adaty plastik çüýşelerden jaý gurmagyň bähbidi, ozaly bilen, onuň jaý eýesine örän arzan baha düşýänligidir. Plastik çüýşeden jaý gurjak diňe çagyl, sement we saklaýjy torlary satyn alaýmaly bolýar.
Plastikler tebigatda, özi hem çygly we açyk howada 200 ýylyň dowamynda dargaýar. Ol fiziki agramlygy hem ýeňil göterýär. Şeýlelikde, daşy suwalan plastik çüýşelerden gurlan diwarlaryň üç-dört ýüz ýylyň dowamynda öz eýesine hyzmat edip biljekdigi aýdylýar.
Ýusup SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.