Ukynyň peýdasy
Kadaly uky sagdyn, bagtyýar durmuşyň özenidir. Adam ukyda wagty bedende dikeldiş we sagaldyş hadysalary hereket edýär. Şonuň üçin günüň dowamynda uly adamlara azyndan 8 sagat, çagalara bolsa 10 sagat uklamak maslahat berilýär.
Adam ukyda wagty merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna geçip, bedeni ertirki güne taýynlaýar. Şonda ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlary sazlaşykly işleýär. Häzirki döwürde daşky gurşawyň bedene ýetirýän täsiriniň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, günüň dowamynda 15-45 minutyň dowamynda uklamak, dynç almak maslahat berilýär. Beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, uky hem merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin möhüm bolup durýar. Alymlaryň bellemegine görä, adam bedeniniň doly dynç almagy, taplanmagy üçin ukynyň dowamlylygy däl-de, eýsem onuň hili esasy orny eýeleýär.
Uky ýetmezçiligi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagyna, ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamynyň keselleriniň döremegine, semizlige, dartgynlylyga getirip bilýär. Şonuň üçin uky wagtyny üýtgetmek ýa-da giç ýatmak ýaramaz netijeleri berýär. Uky günüň dowamynda toplanan duýgulary, täsirleri sazlaýjy hasaplanýar. Şonuň üçin adam ukudan oýananda, bedende we beýnide hiç hili pikirler, ýadawlyk bolman ýeňillik hem-de arkaýynlyk duýulýar.
Belläp geçsek, 2008-nji ýyldan bäri her ýylyň mart aýynyň ikinji annasynda Bütindünýä uky güni bellenilýär.
Keremberdi MÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.
Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.
Beýiniň peýdasy
Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.