31-nji maý — Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni
31-nji maýda Temmäkä garşy Bütindünýä göreş güni bellenilýär. Ol 2022-nji ýylda «Temmäki — ¬daşky gurşaw üçin howp» şygary astynda geçýär. Temmäki önümlerini diňe bir ulanmak däl, eýsem ony ýetişdirmek, öndürmek, daşamak hem zyýanly bolup durýar. Onuň önümçiligi daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň düşmegine sebäp bolup, ol temmäki önümlerini ulanýan adamlar bilen bir hatarda sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlaryň hem jan-saglygyna howp salýar.
Temmäki önümlerinden azat bolmak ynsan bedeninde sagaldyjy üýtgeşmeleriň başlamagyna sebäp bolýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, temmäkisiz geçen ilkinji 20 minutda gan basyşy kadaly ýagdaýa düşýär, ýüregiň işi dikelýär, bedeniň gan üpjünçiligi gowulanýar. Temmäkisiz sekiz sagat geçensoň gandaky kislorodyň mukdary kadaly ýagdaýa gelýär, iki günden soňra tagam, ys duýujylyk dikelýär, bir hepdeden soňra bolsa bedeniň we ýüzüň reňki durlanýar. Ýaramaz endiklerden daşda durmak ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda ýönekeý we netijeli göreş ýoludyr. Maglumatlara görä, temmäki ulanmaýan adamyň ýürek-damar keselleri bilen kesellemek ähtimallygy temmäkiçi adama garanyňda 50 göterim pesdir.
Temmäki önümlerinden ýüz öwürmek we olaryň garşysyna göreşmek her bir adamyň durmuşyny özgertmäge, saglygyny dikeltmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga atarýan aýdyň ýoldur. Ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler hem guwandyryjy netijelere beslenýär.
Oraznepes BERDILIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.