Habarlar

Halypa ýoly dowamat-dowam

https://ussatnews.com/storage/posts/386/original-15fdb9328c21e2.jpeg

Göwnüňe bolmasa, türkmen halky halypa-şägirt gatnaşyklaryna beýleki halklardan hem has köp üns berýän ýaly. Eger şeýle bolmasa, zehini, döredijiligi bilen tälim alan halypasyny ýatladyp duran adamlara aýratyn ýakymly bakyş bilen seredilermidi?! Eger şeýle bolmasa, «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilermidi?! Halypadan ozdurmak üçin nähili tebigy zehiniň gerekdigi hemmä düşnükli. Ýöne halypa meňzäp bilmegem, biziň pikirimizçe, uly ussatlyk.

Ýekeje mysal: aýdymçy Jumamyrat Gylyjowy diňlänimizde ýüreklerde ýer goýan halypa Atabaý Çarygulyýewi diňlän ýaly bolýarys. Tanyş äheň, tanyş labyz, köplenç bolsa, tanyş aýdymlar toýlarda Atabaý halypany diňläp ulalanlary ýene bir ýola ýaşlygyna, çagalygyna dolaýar. Ýöne Jumamyrat Gylyjowyň bu gün özi halypalyga gol beren ussatlaryň biri. Golaýda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda ol «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Biz hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artist-wokalisti Jumamyrat GYLYJOWYŇ döredijilik ýoly hakynda onuň hut özi bilen söhbet etmegi isledik.

— Jumamyrat aga, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasip bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýan!

— Sag boluň! Baýramçylyk dabaralarynyň dumly-duşy şatlyk-şagalaň bilen gurşap alan günlerinde meniň hem durmuşyma ruhumy galkyndyran ajaýyp sahypa ýazyldy. Men hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesiniň öňýany döwlet sylagy bilen sylaglandym. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy meni we ähli maşgala agzalarymyzy, bile işleşýän kärdeşlerimizi örän begendirdi. Onuň üçin hormatly Prezidentimize bütin maşgalamyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurdumyzda islendik pudakda halal işleýän adamyň çekýän zähmetine ýokary baha berilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen biziň netijeli işlemegimiz üçin ähli amatlyklaryň döredilýändigini aýratyn belläsim gelýär.

Men çagalykdan özbaşdak dutar öwrenip, çalan bolardym. Ejem tarapdan aňrymyzda Täçmämmet Suhanguly, Çary Täçmämmet ýaly halypalar bar. Eýýäm çagalyk ýyllarymda babamyň aýdan aýdymlaryny gaýtalap-gaýtalap diňlemek iň söýgüli pişelerimiň biridi.

— Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlap, ykdysadyýetçi bolmagy saýlap alypsyňyz welin, aýdymçy bolmak pikiri has soň döredimi?

— Ýok, mekdepde okaýarkam, dutar gurnagyna gatnapdym. Institutda bolsa Türkmenistanyň halk artisti Aman Gowşudowyň ýolbaşçylygynda döredilen aýdym-saz toparynda çykyş etdik. Toparymyz bilen gatnaşan konsertlerimiz, bäsleşiklerimiz ýaşlygymyzyň ýakymly ýatlamalary bolup galdy. Şeýle-de bolsa, sungat ugrundan has soňrak işläp başladym. Hatda 1995-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlap, 5 ýyllap öz ugrumdan hem işledim.

— Atabaý halypa bilen nähili tanyşdyňyz?

— Agalarymyzyň biri halypanyň ýegre dostudy. Şol agamyň kömegi bilen tanşyp, soňra-da uzak ýyllaryň dowamynda halypa-şägirt bolup işleşmek nesip etdi.

— «Ýaňlan, Diýarym!» döwlet bäsleşiginde iki ýyllyk tejribäňiz bar eken.

— Hawa, ilkinji gezek 2000-nji ýylda gatnaşypdym. Şol ýylam, 2001-nji ýylda-da bäsleşigiň döwlet tapgyryna çykmak miýesser etdi. Aslynda, «Ýaňlan, Diýarym!» sungat bilen bagly ykbalymda aýratyn ýer etdi diýip bilerin. 2000-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde işe başladym. Şol Medeniýet öýi hem meniň sungat ýolunda ilkinji iş ornum boldy. Soňra Ahal welaýatynyň Medeniýet müdirliginde, Ruhabat etrabynyň Medeniýet öýünde halypalaryň birnäçesi bilen işleşmek nesip etdi.

— Siziň aýdym-sazda dowam edýän ýoluňyzy Atabaý Çarygulyýewden gaýdan ýol diýip hasaplap bolarmy, ýa-da Atabaý halypadan öň hem şu ýoldan aýdan ussatlar bolupmydy?

— Aslynda, halypanyň özi-de Öwezgeldi Tekäýewden ruhlanan aýdymçy. Ýöne ussadyň aýdym aýdyş ýoluny kämilleşdirip, täze bir äheň bilen aýtmagy, onuň hem ýerine düşmegi Atabaý halypanyň il içindäki abraýyny has-da artdyrdy. Bu ýoly şu wagt ýaş aýdymçylaryň hem birnäçesi dowam etdirýär. Olaryň arasynda halypanyň öz ogullarynyň hem bardygy diýseň begendirýär.

— Halypalaryň sungat babatyndaky pentlerinden ýadyňyzdan çykmajagy, asyl-ha, hemişe ýörelge edinýäniňiz barmy?

— Atabaý Çarygulyýew: «Hemme halypalary diňlemeli. Hersinden bir zat alnyp, täze ýol döreýär» diýerdi. Onuň özem türkmen ussatlaryndan başga-da, daşary ýurt aýdymlaryny hem kän diňlärdi. Sungat adamy hökmünde biz hem sähel boş wagt tapynsak, ozal diňlemedik aýdymlarymyzy diňläp, kämilligi has artdyrmagyň ugrunda.

— Aýdymçy hökmünde tanalmagyňyzda aýratyn orun eýelän haýsy aýdymy agzap bilersiňiz?

— «Orazbibi» diýip bir aýdymymyz bar. Ol hem halypanyň köne aýdymlarynyň biri. Şol aýdymy täze röwüş bilen ýerine ýetirmek meniň sungat bilen bagly ykbalyma aýratyn sahypany bagyşlady.

— Diňleýjilere edil häzirki günlerde nähili sowgatlary taýýarlaýarsyňyz?

— Biz joşguny, ylhamy şu ajaýyp döwrümizden alýarys. Şonuň üçin hem Arkadag Prezidentimiziň halkymyza bagyşlan eşretlerini näçe wasp etseň hem az. Şu günlerde eziz Watanymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdymlaryň üstünde işleýäris. Edil şonuň ýaly hem, halypalarymyz tarapyndan döredilen aýdymlaryň birnäçesine täzeçe röwüş berip, ýakyn günlerde diňleýjilerimize ýetirmegi maksat edinýäris.

— Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Sesiňiz mundan beýläk hem belent ýaňlansyn!

— Sag boluň!

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Başga habarlar
16a186d3b529b1.jpeg
USSAT GEOLOGY ÝATLAP

Haýsy ugurdan bolsa-da, ussatlar unudylmaýar. Şeýle halypalar nebitgaz pudagynda-da sanardan kän. Bu ugurdan ençeme şägirtleri ýetişdiren Ýagşymyrat Hojagulyýew hem halkymyzyň öňünde uly hyzmat bitiren halypalaryň biri. Halypany hatyralap, ol baradaky ýatlamalary ýetirmegi makul bildik.


16a1811fe0a312.jpeg
Guýularyň önümli gatlaklaryna täsir etmek usullary kämilleşdirilýär

Uzak wagtlap özleşdirilip gelinýän känlerde esasan-da, Goturdepe we Barsagelmez nebitgaz känlerinde gatlak basyşynyň peselmegi, ulanylýan guýulara gatlak suwlarynyň gelmegi netijesinde, onuň önüminiň wagtyndan öň suwlanmagy, guýynyň düýbünde çäge dykylarynyň emele gelmegi, gatlaklary özleşdirmegiň soňky tapgyrynda olardan düzüminde parafin köp bolan agyr nebitleriň akyp gelmegi ýaly kanunalaýyk hadysalar bilen baglydyr.


16a180aa801506.jpeg
Hünär kämilligini ele alýarlar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.

16a17ecf5492ef.jpeg
«sport sagdynlyk we ruhubelentlik»

Şeýle şygar astynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlerden düzülen ýygyndy toparlaryň arasynda sportuň woleýbol we futbol görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar şowhunly ýagdaýda dowam etdi.


16a168f70b3c8c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady.