Habarlar

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/387/original-15fdc664bb9bcc.jpeg

17 dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.

TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyryldy. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady integrasiýasyna oňyn täsir etmäge we ýewraziýa giňişliginde durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ähmiýeti nygtaldy.

Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy barada nygtalyp geçildi. “Demirgazyk–Günorta” demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Ussat news

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.