Ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde ýaş režisýor Arslan Eýeberdiýew «Durmuş kyssalary» atly çeper filmini surata düşürdi.
Film şahyr, türgen we fizik-matematik- bir-birine aýrylmaz wepaly dostlaryň hersiniň öz gaýtalanmaz hem gyzykly durmuşyny görkezýär. Onda gulluk, okuw we hünär edinýän döwri, gahrymanlaryň söwerleri bilen ilkinji duşuşyklary, durmuş toýy barada gyzykly, mylaýym we özüne çekiji sahnalar kän.
Hakyky we çyn dostluk, söýgi, watanperwerlik, ahlak, belent adamkärçilik gymmatlyklary barada gürrüň berýär filimde baş keşpleri ýaş artistler – Hangeldi Çaryýew, Annadurdy Täçliýew, Ahmet Amandurdyýew dagy döredipdirler.
Şeýle hem filme tanymal türkmen aktýorlary Türkmenistanyň halk artistleri Çary Berdiýew, Näzik Gurbanowa, ýurdumyzyň at gazanan artistleri Sülgün Täçliýewa, Baýramtäç Hojamämmedowa, Ýagmyr Gurbannazarow dagy gatnaşdylar.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.