Döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, ýakyn bäş ýylda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýanyň hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasynyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.
Bu resminamada “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşinde hususy pudagyň paýyny artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny tizleşdirmäge we olaryň işiniň netijeli dolandyrylmagyny guramaga gönükdirilen anyk çäreler göz öňünde tutuldy.
Mundan başga-da, strategiýanyň taslamasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny düýpli özgertmek, sanly ulgamy hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, eýeçilik gatnaşyklaryny üýtgetmek we eýeçiligiň görnüşleriniň köpdürlüligini emele getirmek boýunça işler kesgitlenildi.
Çäreleriň meýilnamasynda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek babatynda kanunçylyk namalaryna gaýtadan seretmek hem-de täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kabul etmek, halkara tejribelerine laýyklykda, gazna biržalarynyň işini guramagy kämilleşdirmek we işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.