«Türkmenistan — Özbegistan» işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly 1-nji mejlisi geçirildi
7 oktýabrda Türkmenistanyň we Özbegistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri hem-de ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri «Türkmenistan — Özbegistan» işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisine gatnaşdylar.
Onlaýn duşuşygynyň dowamynda köpugurly döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň, söwda-ykdysady mümkinçilikleri we dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy.
Wideoduşuşyga gatnaşyjylar işewür hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynynda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda, dokma, gurluşyk hem-de himiýa, elektron senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, aragatnaşyk, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, obasenagat toplumy ýaly pudaklarda işewür gatnaşyklaryň uly geljeginiň bardygy nygtaldylar.
Ussat news
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.