108 ýaşly enäniň bagty
Daşyňa çagalaryňy, agtyklaryňy üýşürip, olar bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eşretli günlerimiz barada söhbet edip oturmagyň özboluşly lezzeti bar.
Gahryman Arkadagymyzyň serpaý eden ajaýyp döwrüniň bagtly günlerini alnyna sylýan şeýle eneleriň biri hem, bir asyry arka atan Kümüş Baýramowadyr. 1912-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglup, ykbalyň dürli kynçylyklaryny egni bilen çeken 108 ýaşly Kümüş enäniň bu gün bagtyýar durmuşy bar.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjysy, giň otagyň törüni bezäp oturan 108 ýaşly Kümüş enäniň döwletli maşgalasynda bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
– Biz gaty kynçylykly döwürde işläpdiris, gyzym. Bu wagt dagy hezillik. Ähli zat eliň aýasyndaky ýaly. Arkadagly zamanamyza döneýin! Il-günümiz diýseň gurply, bagtly ýaşaýar. Türkmen halkynyň bagtyýarlygyny ýurduň garaşsyzlygynda, halkymyzyň bolelin durmuşynda, çagalaryň şatlygynda, eneleriň mähribanlygynda, gojalaryň pähim-parasadynda görýäris. Ýurdumyzda toýlarymyz goşadan gelýär. Ýaşyň bir çene ýetensoň, perzentleriň bagtyna, il-günüň abadan durmuşyna guwanyp ýaşamagyň özem uly bagtdyr.
Il-halkyny şeýle eşretli zamana, abadan durmuşa ýetiren Gahryman Prezidentimiziň jan saglygyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç almagyny gije-gündiz beýik Allatagaladan diläp otyryn.
Prezidentimiz ýaşululara, ak saçly enelere, biziň ýaly uzak ýaşly raýatlaryna çäksiz sarpa-hormat goýýar, her bir döwletli işiň başyny tutjak bolanda, ýaşuly nesliň wekillerine geňeşýär. Bu biziň üçin ullakan bagt!
Tüweleme, çagalarym, agtyklarym, çowluklarym, ýuwluklarym daşymdan aýrylanoklar.
4 oglum, 3 gyzym, 36 agtygym, 66 çowlugym we 6 ýuwlugym bar. Şeýle bagta guwanyp, ýaşamak hemmä nesip etsin! Körpe oglum Çarygeldi bilen gelnim Gyzylgülüň hem iki ogly, üç gyzy bar. Agtyk, çowluk, ýuwluklarym hem gelinlerim hyzmatyny gaýgyranoklar. Agzybirje ýaşaýarlar.
Hawa, bagtyýar döwrümize guwanyp oturan enäniň dilinde alkyşly sözler egsilmeýär. Mährem ene balalarynyň bagtyna guwanyp, olara özüniň gyzyldan gymmatly öwüt-ündewlerini berip otyr. Ol öz durmuşynda türkmen zenanyna mahsus bolan el işleriniň ählisinde – keşde gaýap, köýnek tikmekde, ýüň darap, keçe basmakda, jorapdyr ýeňsiz örmekde, miwedir gök-önümlerden gyş üçin dürli mürepbeleri, şerbetleri taýýarlamakda özünden kiçilere görelde bolup gelipdir. Döwletli maşgalada ene-atanyň gaýratlylygy, ynsanperwerligi, alyn deri, zähmeti, asylly gylyk-häsiýeti perzentleri üçin durmuş mekdebine öwrülipdir. Çagalar diňe öwütden däl, göreldeden terbiýe alypdyr. Edenli ogullary, eli çeper gyzlary ösdürip ýetişdirmek hem döwletlilikden nyşan. Gelinlerine öz maşgalasynyň edim-gylymyny, girim-çykymyny öwredip, öz gaýynenesiniň durmuş mekdebinde özleşdiren sapaklaryny berip, hojalygyndaky ýörgünli dessura uýmagyny gazanýan bagtyýar enäni perzentleri mähir bilen çoýýarlar. Gaýynenesiniň gürrüňlerini ünsli diňläp oturan gelni Gyzylgül bolsa:
– Gaýynenemden bilmeýänimi öwrenip, öýüň keşigini deň çekişip, eltilerime-de görelde bolmaga çalyşýan. Türkmen diýýär-ä, «Dogdugymdan düşdügim» diýip. Gaýynene gelin üçin iň ýakyn maslahatçydyr, görelde mekdebidir. Mähriban enelerimiziň gor akabasy näçe diýseň möwç alyp, parasat paýlamaga ýeterlikdir.
Arkadagly ýurtda eneler bagtyýar. Enemiziň daşy günde şeýle ala-ýaz, agtyklarydyr çowluklary enesini gaty gowy görýärler. Enemiz hem ýaltanman, ýadaman, bulara gyzykly gürrüňler berýär, eline sallançagyň bagyny tutdursaň, mylaýym sesi bilen hüwdä hiňlenýär – diýip, gürrüň berdi.
Onýança-da salam berip, enäniň agtyk gelni eli çäýnekli içerik girdi.
Bir käse çaý içesi salym dymyp oturan Kümüş ene:
– Bu agtyk gelnim Orazjahan – diýip, bizi onuň bilen tanyşdyrdy, şonda enäniň sesinde agtyk gelnine bolan guwanç duýgusy duýulýardy.
Käsesindäki çaýdan her wagt bir owurtlaýan enä başyndan geçiren güzaply günleri ýatlamak ýeňil bolmady. Köp zatlary gürrüň beresi gelip, ilki haýsy biri hakda aýtjagyny bilmän dymyp oturdy. Birdenem ýadyna düşen ýaly gürrüňe başlady:
– Şol agyr günler hakydama inende, häzirlerem inim jümşüldäp gidýär. Bular ýaly ajaýyp günler bolar diýip, ýatsak-tursak pikir etmändik. Gara öýüň içinde çagalaryň bilen pelteli çyranyň ýagtysyna her kim elinden gelen işi ederdi. Bizem gündiz meýdanda işläp, zordan özümizi öýe atardyk.
Hawa, 108 ýaşy arka atan Kümüş enäniň huşy gowy. Aýdyp berýän gürrüňlerini diňläp, ýakymly duýgulary başdan geçirýärsiň. Boş oturmagy halamaýan ene bilýänlerini gelinlerine, agtyklaryna öwredýär. Perzentleriniň garry enä bolan hamraklygyny görüp guwanýarsyň. Mähir mekdebi bolup oturan enäniň töweregini gurşap alan agtyk-çowluklarydyr ýuwluklary her gün bir hoş habar bilen begendirip, kalby joşgundan doly, nurana enäni mähribanlyk bilen apalaýarlar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar günleriň hözirini görüp ýaşaýan enelerimiziň dilleriniň senasyna öwrülen alkyşly sözler ömürlere nur bolup çaýylsyn!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.