Geçen hepdäniň birža täzelikleri
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kaliý Russiýa Federasiýasynyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Russiýa Federasiýasynyň, Hytaýyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Kataryň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22 million 929 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şotlandiýanyň, Kataryň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Ermenistanyň işewürleri umumy bahasy 38 million 903 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 47 million manatlykdan gowrak polipropileni, el halylary we plastik önümleri satyn aldylar.
Ussat news
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.