Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ulgamyny hem-de habar beriş serişdelerini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi

https://ussatnews.com/storage/posts/424/original-15fe454ce2fd05.jpeg

23 dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk görnüşde ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýerine ýetirilen işler barada hasabatlary diňläp, 2021-nji ýylda, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda bu ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, medeniýet ministri A.Şamyradowa söz berdi. Ol milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösdürilmegi, döredijilikli işlemek, ýokary çeper eserleri döretmek üçin ähli şertleriň döredilendigini belläp, bu ulgamyň ösdürilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna hemişe üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Habar berlişi ýaly, şu ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan türkmen medeniýetini ösdürmek, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, onuň garamagyndaky edaralaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini artdyrmak, şekillendiriş, sahna we aýdym-saz sungatynyň döwrebap many-mazmunly eserleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy.

«Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, teatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, sungat mekdepleriniň, medeniýet öýleriniň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň we syýahatçylyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işler geçirildi.

Ýylyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleri, amaly-haşam döredijiliginiň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, duşuşyklar, bäsleşikler, usuly maslahatlar guraldy. Halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, medeniýet işgärleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar – ugurdaş guramalaryň hem-de edaralaryň wekilleri bilen onlaýn duşuşyklar guraldy.

Hasabatyň çäklerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy hem-de «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilen dabaralaryň we medeni-köpçülikleýin çäreleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmekde, berkarar döwletimiziň hoşniýetlilige, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýörelgelerini has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, muzeýlerde gymmatlyklary toplamak we gaznalary baýlaşdyrmak, muzeýleriň işini kämilleşdirmek maksady bilen sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdi.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan «Wirtual muzeý» taslamasy işe girizildi. Bu internet taslama dünýäniň ähli künjeginden Döwlet muzeýine gaýybana syýahat etmäge, onuň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär, halkymyzyň medeni mirasyny dünýäde wagyz etmäge giň ýardam berýär.

Hasabatyň çäklerinde ministr ýurdumyzyň baş baýramyna-- Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görlüp başlanandygy barada hem hasabat berdi. Şol taýýarlyk degişli medeni çäreleriň meýilnamalaryny taýýarlamagy we beýlekileri öz içine alýar.

Soňra Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewe söz berildi.

TDH-niň ýolbaşçysynyň habar berşi ýaly, agentlik tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada internet-serişdelerde, synlarda we seljermelerde täzeliklerdir habarlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň halkara habarlar giňişligine goşulmagy babatda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem TDH «Watan» habarlar gepleşigini, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlaryny, merkezi gazetleri we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, elektron neşirleri habarlar bilen üpjün edýär.

Agentligiň düzüminde iki sany döwlet saýty, ýagny «Türkmenistan: Şu gün» we «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtlary hereket edýär.

Döwlet habarlar agentligi beýleki neşirlere hem goldaw berýär, özüniň «Türkmenistan: hepdäniň wakalary» atly hepdelik žurnalyny neşir edýär we ýaýradýar. TDH-niň web-saýtlary diňe bir kagyzda çap edilýän önümleri däl-de, eýsem wideo, foto we audio habarlary hem işjeň ýaýradýarlar.

Döwrebap tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlaryny amala aşyrmakda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň gerimli gazananlary, şol sanda demokratik özgertmeleri geçirmekde, şeýle hem iri senagat we ulag taslamalaryny amala aşyrmakda, ekologiýa, ylmy we bilimi, medeniýeti, sporty, ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek babatynda täzelikleri onlaýn görnüşde dessin ýaýratmaga mümkinçilik berýär.

Halkara habarlar alyşmalaryny, dünýä, milli we sebit habarlar agentlikleri bilen, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döredijilik hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, iri halkara neşirleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere bildirilýän gyzyklanmasyny goldamak Döwlet habarlar egentliginiň alyp barýan işleriniň esasy ugrudyr.

Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýetilen belent sepgitlere bagyşlanan uly möçberli 12 makaladan ybarat habarlar toplumy çap etmek tamamlandy.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen baglanyşykly ähli möhüm wakalary we çäreleri işjeň beýan etmegiň TDH-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny habar bermek bilen, agentligiň başlygy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýolbaşçylyk edýän işgärler toparynyň şol wezipeleri mynasyp çözmek üçin döredijilik zehinlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňra Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Aşyrowa söz berildi. Ýolbaşçylyk edýän ulgamynda alnyp barylýan, şol sanda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berip, komitetiň ýolbaşçysy öňde goýlan wezipeleri döwrüň talabyna laýyk çözmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Milli teleradioýaýlymlar tarapyndan ýurdumyzda bolup geçýän wakalar halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirildi. Konsertler, telefilmler, oçerkler, “tegelek stoluň” başyndaky gepleşikler, edebi-syýasy kompozisiýalar, sahnalaşdyrylan wideoşekiller, onlaýn görnüşinde halkara derejeli söhbetdeşlikler taýýarlanyp ýaýlymlara berildi.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň milli teleradioýaýlymlarynyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olaryň netijeli işlemegi üçin täze tehniki enjamlary satyn almak barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken taryhy Kararynyň döredijilikli we netijeli işlemäge ruhlanan hemme işgärleriň zähmete bolan höwesini has-da artdyrandygy aýratyn bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Teleradioýaýlymlara täze tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça Ýaponiýanyň dünýä belli «Sony Middle East And Afrika FZE» kompaniýasy bilen şertnamanyň baglaşylandygy barada habar berlip, munuň teležurnalistleriň, režissýorlaryň, operatorlaryň we tehniki işgärleriň ussatlygyny artdyrmaga ekran sungatynyň döwrebap eserlerini döretmäge ýardam berjekdigi nygtaldy.

Mundan başga-da,Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyklarynyň ýurtlarynda bolup geçýän täzelikleri habar berýän «Mir» döwletara teleradiokompaniýasy hem-de Türkiýe Respublikasynyň radio-telewideniýe guramasy bilen Ylalaşyklara gol çekilmegi netijesinde, Türkmenistanyň üstünlikleriniň wagyz edilmegi boýunça işler has-da giň gerime eýe boldy.

Bu döredijilik gatnaşyklary öz gezeginde Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär hem-de milli hünärmenlerimiziň daşary ýurt tejribelerini öwrenmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Komitetiň ýolbaşçysy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçjek täze ýylda döwletmiziň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramçylygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn işleriň başlanandygyny habar berdi.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan 2021-nji ýylda ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny we özgertmeleri dünýä ýaýmak boýunça ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasy taýýarlanylýar.

Bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda geljek ýylda milli teleýaýlymlaryň döredijilik toparlary tarapyndan tanyşdyryş wideorolikleri taýýarlamak, şekilleri düşürmek boýunça bäsleşikleri yglan etmek, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezýän mediaforumy geçirmek, halkara derejeli maslahatlarda sanly görnüşdäki tanyşdyryş çykyşlaryny guramak, tele we dokumental filmleri surata düşürmek, Garaşsyz Türkmenistanyň üstünlikleri barada gürrüň berýän gepleşikleri we habarlary taýýarlap ýaýlyma bermek, gazanylan ylalaşyklar esasynda daşary ýurtlaryň kinematografiýa birleşmeleri bilen sanly festiwallary we milli kino günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda milli žurnalistikany ösdürmek we teleradioýaýlymlarda zähmet çekýän işgärleriň sanly ulgamdan baş çykarmaklary, çuň many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamaklary üçin daşary ýurt tejribesini öwrenmekleri hem-de ulanmaklary babatda hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryna laýyklykda netijeli işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy A. Hudaýberdiýewe söz berildi.

Ulgamyň ýolbaşçysy neşirýat-çaphana ulgamyny ösdürmäge berýän üly ünsi, netijeli zähmet çekmäge we ýaşamaga hemme şertler döredilýän pudagyň işgärleri baradaky aladasy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk sözleri beýan edip, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenen ýylynda gullugyň işgärleri gazanylan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz hemişelik Bitaraplygyň many-mazmunyny halkymyza düşündirmek, 2020-nji ýylyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygarynyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde ýerine ýetirmeli wezipeleri goýdy.

Şanly ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilýän ähli neşir önümlerinde ýylyň nyşany ýerleşdirilýär. Gazet-žurnallarda publisistik makalalar, «tegelek stol» söhbetdeşlikleri, halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary yzygiderli çap edildi.

Gazet-žurnallaryň redaksiýalary hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk senesine, «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygaryna bagyşlanan döredijilik bäsleşiklerini yglan etdiler. Dekabr aýynda ähli gazetleriň we žurnallaryň ýörite baýramçylyk sanlary taýýarlanyldy. Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan pudaklar boýunça 25 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitler barada maglumat berýän kitaplar we kitapçalar çykaryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanly baýramçylyk ýylynda halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýen kitaplary türkmen Bitaraplygynyň many-mazmunyny, esaslaryny, dünýä halklary üçin ähmiýetini açyp görkezmekde aýratyn ähmiýetli boldy.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek, onuň mümkinçiliklerinden has giň peýdalanmak baradaky görkezmelerinden ugur alnyp, Döwlet neşirýat gullugynyň «metbugat.gov.tm» internet saýty açyldy. «Türkmenmetbugat» internet gazeti okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.

Metbugat öýi toplumynyň özünde dünýä tejribesinde ykrar edilen poligrafiýa önümçiligi üçin zerur bolan sanly ulgamyň Prinekt, Asystem atly döwrebap programmalary ornaşdyryldy. Bu programmalar işiň ýokary hilli bolmagyny hem-de bellenilen möhletinde ýerine ýetirilmegini üpjün edýär, olar yzygiderli kämilleşdirilip, kiberhowpsuzlygyň talaplaryna laýyk getirilýär.

Neşirýat gullugynyň ýolbaşçysy gazet-žurnallaryň işini kämilleşdirmek meselelerini öwrenmek barada beren nesihatlary-maslahatlary üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmeniň milli ýörelgelerine, baý milli medeni mirasyna aýratyn sarpa goýýan, olary toplap, öwrenip, geljek nesillerimize ýetirmek üçin hemme tagallary edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerilip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy belleniljek öňümizdäki ýylda bu ugra degişli neşir önümlerini hem-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary boýunça özbaşdak Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitaplary çykarmak meýilleşdirilýär.

Gazet-žurnallarda we internet-saýtlarynda Garaşsyzlygymyzyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň, gazanylan üstünlikleriň hem-de ýetilen belent sepgitleriň mazmunyny we ähmiýetini has-da güýçlendirmek, baýramçylyk mynasybetli gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik we medeni maksatly binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary barada gürrüň bermek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda arassaçylyk we öňüni alyş kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti hakyndaky materiallary hem gazet-žurnallaryň sahypalarynda çap etmegi dowam ediler.

Döwlet neşirýat gullugynyň başlygy pudagyň işgärleriniň öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, medeniýet edaralarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde alnyp barylýan işler, şonuň ýaly-da ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Medeniýet ulgamynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary guramaçylykly geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bulardan başga-da, halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Medeniýet günleri, daşary ýurtlaryň bolsa, Türkmenistandaky Medeniýet günleri üstünlikli geçirilýär. Bu bolsa, tejribe alyşmaga, milli medeni mirasy wagyz etmäge ýardam berýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Wirtual muzeý» taslamasy işe girizildi. Internet giňişliginde ornaşdyrylan bu taslama dünýäniň ähli künjeginden Döwlet muzeýine gaýybana syýahat etmäge, muzeýde bar bolan gymmatlyklarymyz bilen ýakyndan tanyşmaga, medeni mirasymyzy halkara giňişliginde wagyz etmäge giň mümkinçilik döretdi. Şeýle taslamalary geljekde ýurdumyzyň beýleki muzeýlerinde hem giňden ornaşdyrmak işleri durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyşlykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, aýratyn-da, telewideniýäniň işi kämilleşdiridip, teleýaýlymlarda täze, özüne çekiji gyzykly gepleşikleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Olaryň işine sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Teleradioýaýlymlarda milli ykdysadyýetimiziň ýeten belent sepgitleri, onuň sanlylaşdyrylyşy barada gürrüň berýän gepleşikleriň gerimi giňeldilýär.

Şahsy arassaçylyk, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler barada giňden düşündiriş işleri geçirilip, arassaçylyk, dogry iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak ýaly endikleri habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka giňden wagyz etmek boýunça hem işler dowam etdirilýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini, ýaýlyma berilýän teleradio gepleşikleriň , makalalaryň hilini ýokarlandyrmak, gazetleriň we žurnallaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri gurama agza ýurtlaryň teleýaýlymlary arkaly ýaýmaklyk boýunça hem işler ýola goýuldy.

Ýurdumyzda gazanylýan uly üstünlikler medeniýet ulgamynyň internet saýtlarynda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň internet saýtlarynda giňden beýan edilýär.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dürli žanrlardaky kinofilmleri döretmek, türkmen kino sungatynyň hilini ýokarlandyryp, döwrebap filmleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça degişli işleri alyp barýar.

2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli köp sanly medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly ýubileýini geçirmek boýunça häzirden taýýarlyk işlerine başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça köp işleriň ýerine ýetirilendigini, munuň bolsa, uly üstünlikleri gazanmaga ýardam edendigini belledi.

Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek boýunça çäreler görüldi, olaryň işiniň hukuk binýady berkidildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýatlarynda teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýäniň we beýleki ugurdaş edaralaryň täze, döwrebap binalary guruldy. Bu edaralar taýýarlykly hünärmenler bilen yzygiderli üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüsine goşyan saldamly gosantlary üçin, medeniýet işgärlerimize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, döwür öňe barýar, durmuş özgerýär, biziň öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar diýip belledi. Şolaryň üstünlikli çözülmegi Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uly üstünliklere beslemäge mümkinçilik berer.

Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkara abraý-mertebesini has-da ýokarlandyrmak işleri bar. Şolary amala aşyrmaga medeniýet ulgamynyň işgärleri hem işjeň gatnaşmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işiň esasy ugurlaryny kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ministrine we bu ulgamyň edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna taýýarlyk işleriniň meýilnamasyny taýýarlamak barada görkezme berdi, bu işleriň ýurdumyzyň ähli medeni edaralarynda giň gerimde geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda bu şanly sene mynasybetli zähmet weteranlary, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklary, döredijilik we aýdym-sazly agşamlary yzygiderli gurap durmagy tabşyrdy.

Yurdumyzyň teatrlarynda döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşini, ýeten belent sepgitlerini giňden açyp görkezýän döwrebap sahna eserleri goýulmalydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyran beýik işlerimizi, geçirýän özgertmelerimizi dünýä ýüzüne giňden ýaýmak maksady bilen, çagalaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini, şol sanda halkara surat bäsleşigini guramaly.

Medeniýet edaralarynda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar, şol sanda talyp ýaşlar bilen ýaşuly nesilleriň wekilleriniň duşuşyklaryny gurap, milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary, maşgala mukaddeslikleri, zähmetsöýerlik baradaky söhbetdeşlikleri geçirip durmaly.

Şeýle hem milli Liderimiz çeper döredijilige, aýdym-saza höwesli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň arasynda dürli bäsleşikleri, festiwallary, gözden geçirişleri yzygiderli guramak, olary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza yzygiderli ýetirmek boýunça işleriň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şöhratly taryhymyz bilen dünýä bileleşigini tanyşdyrmak babatda muzeýleriň işi barada durup geçmek bilen, olaryň beýleki döwletleriň iri muzeýleri bilen hyzmatdaşlyk edip, olarda geçmişimize, milli medeniýetimize we sungatymyza degişli gymmatlyklaryň sergilerini guramagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hem giňden mahabatlandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygyna hem-de onuň habarlar serişdeleriniň ýolbaşçylaryna birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz garaşsyz ösüşiniň ýolunda döwletimiziň gazanan üstünliklerini beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy, onda Agentlik boýunça edilmeli işleri anyk kesgitlemegi tabşyrdy.

Bitarap döwletimiziň daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri, parahatçylyk diplomatiýasyny we öňe sürýän halkara başlangyçlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmelidir.

Yurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş babatda gazanýan üstünlikleri hakynda habar-makalalary taýýarlap, halkara habar beriş serişdelerinde yzygiderli çap edip durmak möhümdir. Şeýle hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda geçirilen syýasy özgertmeler we gazanylan durmuş-ykdysady üstünlikler barada habarlar toplumyny taýýarlanylmalydyr hem-de metbugatda yzygiderli çap edilmelidir.

Yurdumyzyň we beýleki döwletleriň elektron hem-de metbugat, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde «2021-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen makalalar toplumynyň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edilmelidir.

Ozara ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekmek arkaly abraýly daşary ýurt habarlar agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek işini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz halkara habar beriş ulgamlarynda resmi sahypalary we toparlary döretmek arkaly Türkmenistan hakynda ygtybarly maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek işini güýçlendirmegi tabşyrdy .

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna hem-de teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Iş meýilnamasyny düzüp, onda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň ýokary hilli bolmagyny gazanmagy, olary däp-dessurlarymyzy, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny göz öňünde tutup taýýarlamagy we ýaýlyma goýbermegi esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Teleradioýaýlymlarda halkymyzyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny we ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri täzeçe, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, taýýarlanýan gepleşiklerde ahlak kadalaryna, sagdyn durmuş kadalaryny jemgyýetimizde ornaşdyrmaga, ýaşlarda ýaşuly nesle we halkymyzyň mukaddes gymmatlyklaryna hormat goýmagy terbiýelemek meselesine uly üns berilmelidir.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çäreleri taýýarlamak boýunça degişli ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Şol işleriň hatarynda milli teleradioýaýlymlaryň döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşikleri we mediaforumlary geçirmek, onlaýn mediaforumlaryny hem-de tanyşdyryş çykyşlaryny guramak, Garaşsyz döwletimiziň ýeten belent sepgitlerini wasp edýän filmleri surata düşürmek bar.

Halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerini beýleki döwletleriň teleýaýlymlarynda giňden beýan etmek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigi bellenildi.

Milli Liderimiz döwlet komiteti bilen daşary ýurt teleradioýaýlymlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklary baglaşyp, milli hünärmenler üçin onlaýn okuwlaryny guramagyň ýola goýulmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet neşirýat gullugynyň ýolbaşçysyna hem-de gazet-žurnallaryň redaktorlaryna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasyny düzmegi, onda gullugyň düzümleriniň alyp barmaly işlerini anyk görkezmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler baradaky dürli görnüşde taýýarlanan habar-makalalaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda internet saýtlarynda we elektron gazetlerinde giňden beýan edilmegine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz neşirýat gullugynyň önümçilik kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip, olaryň ýokary hilli poligrafiýa serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, metbugat öýi toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmagy dowam etmegiň möhümdigi bellenildi. Şol işler neşir önümleriniň ýokary hilli çykarylmagyny gazanmaga, ulgam üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza, meşhur şahsyýetlerimize bagyşlanan çeper kitaplary köpräk çap etmek meseleleri barada durup geçmek bilen, kitaplaryň internet söwdasyny, okyjylaryň isleglerine görä elektron we audiokitaplaryň söwdasyny ýola goýmagy tabşyrdy.

Neşirýat-çaphana ulgamynyň kärhanalarynyň käbirini hususylaşdyrmak meselesini öwrenip, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada aýratyn görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda gazet-žurnallaryň elektron görnüşine elýeterliligi giňeltmek, kagyzda çap edilýän gazet-žurnallar üçin sarp edilýän serişdeleri tygşytlamak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Mämmedowa hem-de medeniýet uigamynyň yolbaşçylaryna ýüzlenip, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek üçin çäreleriň Meýilnamasyny düzüp, şanly ýubileýe medeniýet işgärleri gowy taýýarlyk görmegi, baýramçylyk dabaralaryny we çärelerini geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky kararyň taslamasyny taýýarlamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şol çäreleriň ähli welaýat merkezlerinde, şäherdir obalarymyzda örän guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ulgamyň her bir ýolbaşçysynyň ýubileý ýylynda öz etmeli işlerini, öňünde duran wezipeleri anyk bilmelidigini, wagt ýitirmän, bu işlere häzirden taýýarlyk görüp başlamalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň işiniň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça işleri güýçlendirip, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi bilen degişli işleri geçirmegi ulgamyň öňünde durýan wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermelidigini nygtady. Zurnalistler döwrebap sanly fotokameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden hem oňat baş çykarmalydyr. Milli Liderimiz žurnalistika boýunça halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda döredilen örän baý medeni mirasyny aýawly saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, geljekki nesillerimize ýetirmek we mundan beýläk-de baýlaşdyrmak meseleleri babatda ulgamyň ýolbaşçylaryna aýratyn tabşyryklar berildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamy üçin sowatly, başarjaň ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýolbaşçylaryň wezipe borçlary üçin jogapkärçiligini has artdyrmalydygyny belledi.

Biz halkyň kalby hasaplanýan medeniýeti mundan beýläk-de ösdürmäge, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge, ýaş nesillerimizi watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge mundan beýläk-de uly üns bereris.

Hormatly Prezidentimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmek üçin geljekde hem yhlasly zähmet çekjekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzy, milli medeniýetimizi şöhratlandyrmagyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Başga habarlar
16745bb00b7685.jpeg
Ýaş dizaýnerleriň täsin taslamalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaş nesilleriň eşretli hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.


16742d10aa6570.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: “Türkmengaz” DK gyş möwsümine doly taýýarlyk görmeli

22-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy diýip, TDH habar berýär.


16734693415099.jpeg
“Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçiril halkara sergisiniň we «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara maslahatynyň geçirilen döwründe, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan “Aşgabat – binagärlik sungatynyň dürdänesi” atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi.

16730dfaa1d56e.jpeg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

9-njy noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1672dcd15e8874.jpeg
Çaljulba gaz käninde tebigy gazyň akymyny aldylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary döwlet Baştutanymyzyň uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak boýunça berýän möhüm tabşyryklary esasynda döredijilikli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünliklerine besleýärler.