Sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň mejlisi
25 dekabrda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin Pudagara toparynyň iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi. Bu maslahat iş toparynyň ilkinji mejlisidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanlylaşdyrmak ulgamyny türkmen ykdysadyýetinde ulgamlaýyn wezipeleri çözmegiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan 2019-2025-nji ýyllarda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Häzirki wagtda bu Konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Tamamlanyp barýan ýylyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça maksatnamalaýyn işler amala aşyryldy. Ony durmuşa geçirmek üçin bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk düzgünleşdirilmegini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda” kabul eden Kararyny sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerini döretmek üçin möhüm çäreleriň hatarynda görkezmek bolar.
Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli derejelerinde sanly tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine ýardam bermek bu toparyň wezipesi bolup durýar.
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň başynda bu toparyň birinji mejlisi geçirildi, onuň dowamynda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler bellenildi. Jogapkär adamlar kesgitlenildi.
Şu gezekki mejlisiň işine onlarça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, banklaryň, beýleki edara kärhanalaryň wekilleri, IT-meýdançalaryň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara toparynyň Düzgünnamasyna hem-de bilimine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Identifikasiýalaşdyrmagyň we autentifikasiýalaşdyrmagyň bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasyny mejlise gatnaşyjylara hödürledi, bu ulgam elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, maglumat giňişligine gatnaşyjylaryň (isleg bildirýän raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) döwlet elektron serişdelerine ygtyýarlandyrylan elýeterliligini üpjün etmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň Bitewi portalynda—e.gov.tm bellige almak kadalary berjaý edilenden soňra şeýle elýeterlilik üpjün edilýär.
Mundan başga-da, iş toparynyň mejlisinde Pudagara elektron hyzmaty ulgamynyň (PEHU) – ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiet edaralaryna, karz edaralaryna we PEHU beýleki gatnaşyjylara raýatlara hem-de guramalara elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýän maglumat ulgamynyň taslamasy hödürlendi.
Onlaýn mejlisine gatnaşyjylar sanly ulgama geçmäge üstünlikleri üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar, şol sanda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli işgärler, ylmy-tehniki we düzümleýin mümkinçilikleri ösdürmek boýunça çäreleriň üznüksiz hem-de yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, elektron görnüşli hyzmatlary giňden saýlap almak mümkinçiligi raýatlarymyzy goşmaça hem-de üznüksiz bilim almaga, aralykdan okatmagyň usullary arkaly hünär derejelerini ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy adam mümkinçiliklerini doly açmaga we ykdysadyýete hem-de beýleki ulgamlara jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşiniň bähbidine innowasiýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik berer.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.