Habarlar

TNGIZT-da 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durky täzelener

https://ussatnews.com/storage/posts/437/original-15fe6e260693d5.jpeg

"Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna" laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem tehnologik desgalary abat saklamak, önümçilik işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna zawodlar toplumynyň 1-nji we 2-nji baş peseldiji elektrik beketleriniň durkuny täzelemek barada Konsorsiumyň düzümine girýän Hytaý Halk Respublikasynyň (Gonkong) “INVEST Enterprises Limited” kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen şertnamany, işleri 18 aýyň dowamynda tamamlamak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.