Peýdaly maslahatlar

Ykjam telefonlaryň peýdaly aýratynlyklary

https://ussatnews.com/storage/posts/4374/original-16337365498783.jpeg

eSIM ulgamy. Telefony sim-kartasyz ulanmagy göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, täze ulgamyň kömegi bilen häzirki wagtda sim-kartasyz telefonlaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňeýär. Ulgamy birikdirmek üçin telefon ulgamy nokatlaryna barmak gerekdäl, muny islendik ýerden internetiň kömegi bilen birikdirip bolýar. Bu ulgam ulanyjylar hem-de telefon operatorlary, hat-da telefon öndüriji kompaniýalar üçin hem peýdalydyr. Sebäbi, birinjiden, telefon sim-kartasy üçin ýörite slot döretmek, ikinjiden telefon operatorlaryna plastik kartlary öndürmek we goşmaça hyzmat ediş nokatlaryny açmak gerekdäl.

QR-kod. Bu ulgamyň mümkinçilikleri örän giňdir. Onuň kömegi bilen onlaýn giňişlikde dürli sargytlary edip bolýar. Onuň ulanylyşy bolsa özüniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, bu ulgam arkaly onlaýn ýagdaýda petekleri alyp, konsertlere, myhmanhanalara, restoranlara ýer bronlap bolýar.

Ädim ölçeýji. Lukmanlaryň maslahat berşi ýaly, ýöremek saglygyňy goramakda we dikeltmekde peýdalydyr. Bedeniň işjeňlegini artdyrmak, rahatlanmak we kuwwatlanmak üçin belli bir aralygy geçmeli bolýar. Saglyk ýagdaýyňa we ýaşyňa görä, ýörite ýöriş aralygy kesgitlenýär. Kämil telefonlarda we akylly sagatlarda ädim sanyny, geçilen ýoly, bedeniň ýagdaýyny ölçeýän ýörite platformalar bar. Play Market we AppStore ulgamlarynda şeýle programmalaryň dürli görnüşleri bar, ony diňe öz telefonyňyza ýükläp, gündelik ulanywermeli.

Kompas. Telefonda sanly kompasyň işi gurnalan magnitometre esaslanýar. Häzirki zaman enjamlarynyň hemmesi diýen ýaly şeýle datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Bilşimiz ýaly, kompas hem durmuşda wajyp bolan dürli ýagdaýlarda kömekçi bolup bilýär.

GPS. GPS datçigiň esasy maksady, obýektiň koordinatlaryny we kartadaky häzirki ýerleşişini kesgitlemekdir. Ýöne, ykjam programmalaryň kömegi bilen bu funksiýanyň mümkinçiliklerinden has hem giňişleýin peýdalanyp bolýar. meselem, Family Locator, GPS Tracking we GPS Tracker programmalaryň kömegi bilen öz çagalaryňyzyň ýerleşýän ýerlerini, hereketlerini yzarlap bolýar. Eger-de, çagalaryňyz bellenen araçäkden daşlaşsalar, onda programma ulanyja duýduryjy yşarat berýär. Şeýle-de, GPS ulgamy arkaly öz telefonyň nirede ýerleşýänini bilip bolýar.

Ýakupnazar NAZARLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.


16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.