Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlisiň gün tertibine ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler hem girizildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de olaryň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary we beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen hökümetiň mejlisinde wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň işine baha berildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy giňden bellenilip geçiler diýip, Saglygy goraýyş işgärleriniň bitirýän işleri, aýratyn-da, häzirki döwürde örän uly hormata mynasypdyr diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz has tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekip, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ähli işgärlerini bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, uzak ömür, ynsan saglygyny goramak ýaly jogapkärli we asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa sylaglara mynasyp bolan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümini tassyklady.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 12-nji tomuny tamamlandygyny habar berdi.
Ussat news
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis
23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.