Hormatly Prezidentimiz agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi

23:04 28.12.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/449/original-15fea1d7562c58.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy Kerim bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gezelenç etdi. Owunjaklap ýagan gar bu töwerekleri ak lybasa besledi. Prezidentimiz agtygy bilen gezelençde bolup, Asma ýola tarap ugrady.

Bu künjegiň gyş paslynyň özboluşly aýratynlyklary bilen utgaşyp, onuň tämiz howasy, tutuş giňişligi gurşap alan aklyk, dag etekleriniň gözelligi adama güýç-kuwwat berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu töwerekleri synlap, agtygyna tebigatyň gudratly güýji, onuň egsilmez baýlygy we adamlaryň tebigat bilen gatnaşygy barada gürrüň berdi. Kerim atasynyň gürrüňlerini diňläp, dag etekleriniň gözelliklerini, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini surata düşürdi. Munuň özi ýurdumyza ak gar bilen gelen gyşyň has täsirli pursatlarynyň ýadygärlik hökmünde saklanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Bu şekiller uzak wagtlap ýatda galar, sebäbi Türkmenistanda garyň şeýle galyň düşmegi seýrek hasaplanylýar. Şeýle hem göwün göteriji aklygyň Täze ýylyň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzy gurşap almagy abadançylygyň we bolçulygyň baş nyşany hasaplanylýar. Bu görnüşler çagalar üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Olar üçin gar üstünde oýnamak, dürli şekilleri ýasamak tapylgysyz güýmenje bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen Asma ýoluň ugry boýunça hereket edýän kabina mündüler. Onuň assalyk bilen herekete başlanmagy arkaly daş-töwerekde ajaýyp görnüşler açyldy. Köpetdagyň belent dag gerişlerine tarap uzaýan Asma ýoluň bu künjegiň ajaýyplyklaryny synlamaga mümkinçilik berýändigini bellemeli. Belentlikden görünýän ajaýyp şekiller ynsan ruhuny göterýär. Dörän mümkinçilikden netijeli peýdalanýan Kerim gyşyň ajaýyplyklaryny surata düşürdi.

Aşakda ýaýylyp ýatan düzlük eliň aýasynda ýaly görünýär. Bu ajaýyp hem göze ýakymly görnüş ruhuňy göterip, kalbyňy joşdurýar. Tebigatyň ak gara bürenen bu künjegi gözellige gözellik goşýar.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ekologiýa maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde, aýratyn-da, dag eteklerinde ýakymly howa gurşawynyň emele gelendigi barada agtygyna gürrüň berdi.

...Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen Asma ýol boýunça gezelenjini tamamlap hem-de onuň soňky duralgasynda düşüp, dag belentliklerinden tutuş gözýetimde ýaýbaňlanyp ýatan şäheri, gar bilen örtülen baýyrlary we jülgeleri synlady.

Gar bilen örtülen ajaýyp dag belentliklerini synlamak, onuň arassa howasyndan dem almak adam kalbyny ruhlandyrýar. Ýene birnäçe günden garlar eräp, şeýle ajaýyp görnüşden nam-nyşan galmazlygy mümkindir.

Döwlet Baştutanymyz biziň howa şertlerimizde seýrek gabat gelýän şeýle mümkinçilikden peýdalanyp, agtygy bilen ak gardan gar togalaklaryny ýasap hem-de olary birikdirip, adam keşbine meňzeş şekili döretdi.

Çaga kalbynda bagtly pursatlary we ýakymly duýgulary emele getirýän gar adamy türkmenleriň hemişe ak zady arassalygyň we belent ynamyň nyşany hökmünde kabul edýändigi bilen ruhubelentligi, iň ýagşy, hoşgylaw duýgulary we umytlary alamatlandyrýar.

Milli Liderimiziň agtygy Kerim gara örtülen belentlikleriň arasynda tebigatda geçirilen ajaýyp gün baradaky ýatlama hökmünde gar adamy surata düşürip başlady. Başlan işini ahyryna çenli ýetirmegi öz durmuş filosofiýasyna öwren hormatly Prezidentimiz bolsa gar adamyň keşbine jemleýji üýtgetmeleri girizdi.

Bu ajaýyp gyş güni döwlet Baştutanymyz agtygyna mähriban topragymyz, onuň aýratynlyklary, türkmen tebigaty barada ençeme gyzykly gürrüňleri berdi. Milli Liderimiziň agtygy bilen amala aşyran gezelenji nesilleriň dowamatlylygynyň, kakalaryň we atalaryň, atalaryň hem-de agtyklaryň dowamatlylyk ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, garly giňişlikler we Köpetdagyň etegindäki baýyrlar boýunça gezelenji tamamlap, ata bilen agtyk bu ajaýyp ýerden ugradylar.

Asma ýoluň ähli işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy. Munuň özi şäher ýaşaýjylary, esasan-da, körpeler üçin täsin pursatlary döredýän adamlaryň zähmetine mynasyp bahadyr. Asma ýoluň işgärleri öz zähmetine berlen ýokary baha, netijeli işlemek üçin döredilýän ajaýyp şertler, Täze ýyl sowgatlary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar geljekde hem güýç-gaýratlaryny gaýgyrman, ilata ýokary derejeli hyzmat etjekdiklerine ynandyrdylar.

Bu pursatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň adam hakyndaky yzygiderli aladasynyň, ýurdumyzyň Täze ýyl baýramyna nähili taýýarlanýandygynyň hem-de bu ajaýyp baýramçylygyň öň ýanynda ençeme ajaýyp pursatlaryň garaşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ussat news

Başga habarlar
16648c4ec90f9e.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy

17-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.


166486487acdef.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlady.


166485cd741a9e.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

16648582022ad2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy.


16646ecc1beee0.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2024” XV halkara ykdysady forumyndaky çykyşy.