Habarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/456/original-15fea8f9a968f6.jpeg

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.Matwiýenkonyň arasynda şu gün geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Federasiýa Geňeşiniň spikeri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmenistanlylara türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk, we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň şu ýyl 25 ýyllyk senesi giňden bellenilip geçilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini nygtap, Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki zaman dünýä gatnaşyklaryndaky ägirt uly ornuny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň hem-de hyzmatdaşlygyň iki döwletiň Baştutanlarynyň daşary syýasy strategiýasynyň baş ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy bellenildi. .

W.Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň parlamentleriň derejesindäki aragatnaşyklary ösdürmäge berýän ägirt uly ähmiýeti netijesinde, bu gün GDA agza döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň çäklerinde özara ýakyn gatnaşyklar amala aşyrylýar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşmagyň barşynda gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak barada pikir aýtdylar hem-de onuň geljegi uly ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigi belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.

Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy hem-de wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegi bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlamentleriň dostluk toparlarynyň ornuny nygtap, iki dostlukly ýurduň deputatlar toparlarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramagyň zerurdygyny bellediler.

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.