Döwletliler köşgüniň çagalaryna Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy
28 dekabrda Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel eteginde ýerleşýän Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy höküm sürýär. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň çagalary Täze ýyl bilen gutlamaga gelen ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şonuň ýaly-da Aýazbaba we Garpamyk ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan Gölejik çagalaryň myhmanlary boldular.
Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilim alman, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu bolsa olara mekdebi tamamlanlaryndan soň, uly durmuşa ynamly gadam goýmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde bu ýerde çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin hemme şertler döredildi—olar şekillendiriş sungaty we saz bilen meşgullanýarlar, dürli sport bölümlerine hem-de gurnaklara gatnaşýarlar.
Çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallarynyň baýraklaryna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans topary bar.
Köşkde terbiýelenýänler şu günki dabarada hem myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler.
Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň çagalaryň çeper elleri bilen ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Bu gün bolsa olar dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ajaýyp arçanyň ýanynda goşgy okadylar, göçgünli tanslary hem-de eziz Diýarymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän, şonuň ýaly-da, söýgüli Täze ýyl baýramyna bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Ýaş zehinleriň çykyşy Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanmak bilen tamamlandy.
Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Şol sowgatlara ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, ýyly gyş eşikleri hem-de däp bolan süýji-kökeler girýär.
Çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň sowgatlary hem gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtyýar çagalyk, hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny beýan etdiler.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.