Habarlar

Türkmenistan bilen Russiýanyň söwda gatnaşyklary berkeýär

https://ussatnews.com/storage/posts/468/original-15fecc040cd00c.jpeg

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň maglumatlaryna laýyklykda şu ýylyň 9 aýynda iki ýurduň haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 90 göterim artyp, ABŞ-nyň 800 million dollaryna deň boldy. Türkmenistan öz önümleriniň eksportyny 1,5 esse artdyrdy, russiýa harytlarynyň importy bolsa, 68 göterime golaý ýokarlandy.

Oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn depgini aýratyn bellenildi.

Russiýanyň bazaryna iberilen önümleriň agramly bölegi nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürildi. Mysal üçin, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Gyýanlydaky polimer zawody tarapyndan öndürilýän ýokary dykyzlykdaky polietilen russiýaly işewürleriň uly islegine eýe bolup durýar.

Umuman, şu ýylyň üç çärýeginde Russiýa iberilen polimerleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37,7 million dollaryndan gowrak boldy. Mundan başga-da, russiýaly kompaniýalar ýurdumyzdan bahasy 1,5 million dollardan gowrak bolan nebit önümlerini satyn aldylar.

Ussat news

Başga habarlar
16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.