Täze binada, amatly şertlerde
Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýaly röwşen ýoly uly ynam bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyz sözüň doly manysynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Biri-birinden owadan, işlemek, ýaşamak üçin amatly ymaratlar oba-şäherlerimize görk berýär. Şeýle binalaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň adybir obasynda peýda boldy.
— Mälim bolşy ýaly, Çärjew welaýatymyzda iň köp ilatly etraplaryň biri. Biz etrabymyzyň ilatyny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, raýatlaryň bu ýangyçdan howpsuz peýdalanmagyny gazanmak ugrunda ýadawsyz alada edýäris. Täze gurlan bina bolsa ilata göwnejaý hyzmat etmekde, gaz geçiriji ulgamyň sazlaşykly işlemegini gazanmakda biziň üçin goşmaça amatlyklary döredýär — diýip, «Çärjewetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Şerali Egamberdiýew gürrüň berýär.
Edaranyň başlygy şeýle-de bize etrapda hususy hojalyklaryň 22,2 müňden gowragynyň tebigy gazdan bökdençsiz peýdalanýandygyny habar berdi. Golaýda Farap etrabynyň ýatyrylyp, Çärjew etrabyna goşulmagy bu edaranyň işgärleriniň iş-aladasyny has artdyrdy. Etrabyň gaz hojalyk ulgamynyň sazlaşykly hereket etmegini üpjün etmek maksady bilen, edaranyň mümkinçilikleri barha giňeldilýär. Oňa ýene bir edara ediş binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi hem degerli mysallaryň biridir. Binany «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň ezber gurluşykçylary ýokary hil derejesinde gurdular. Onuň tutýan meýdany 521,89 inedördül metre barabar bolup, onda iş otaglarynyň 11-si bardyr. Olarda dürli kesp-kärli işgärleriň kadaly şertlerde zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.
— Biz gullugymyzyň işgärleri bolup, etrabymyzyň geňeşlikleriniň dördüsiniň ilatynyň 6,6 müňden gowragyna hyzmat edýäris. Täze binanyň ulanylmaga berilmegi diňe bir biziň üçin däl, eýsem, ilat üçin hem bähbitli boldy. Sebäbi gazdan peýdalanyjylardan gelip gowuşýan dürli sargytlary bökdençsiz kabul edip, olary gysga wagtyň içinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik aldyk — diýip, gaz hojalyk edarasynyň awariýa-dispetçer gullugynyň ussasy Mirşat Ergeşow kanagatlanma bilen belleýär.
Ýerlerde ilata tebigy gazy bökdençsiz bermekde slesar Babajan Joraýew, sargytlary kabul ediji Gülnaz Rüstemowa, sürüji Jora Genjiýew dagy has yhlaslylyk görkezýär. Gullugyň hünärmenleri esasy işleri bilen birlikde, ilatyň arasynda tebigy gazdan tygşytly peýdalanmagyň, howpsuzlyk kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygy barada düşündiriş işlerini hem geçirip durýarlar. Bu mesele gyş paslynyň gelmegi bilen has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi gyş aýlarynda howanyň sowamagy bilen tebigy gazyň sarp edilýän möçberleri has artýar.
— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Şonda ilatymyzy tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Biz bagtyýar ildeşlerimiziň bereketli ojaklarynda «mawy ýangyjyň» mydama alawlap durmagy ugrunda geljekde-de tagallalarymyzy gaýgyrmarys — diýip, M.Ergeşow guwanç bilen nygtaýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.